HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat şäheriniň ýokary synp mekdep okuwçylary üçin çeper-döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Mart 14, 2025 | 17:15 |3059
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ýaş alymlar Geňeşiniň, «Ýaş agroekolog», «Ýaş agrohimik», «Ussat agronom» ylmy gurnaklarynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Gül-gunçaly Diýarym» atly çeper-döredijilik bäsleşigi yglan edilýärS.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ýaş alymlar Geňeşiniň, «Ýaş agroekolog», «Ýaş agrohimik», «Ussat agronom» ylmy gurnaklarynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Gül-gunçaly Diýarym» atly çeper-döredijilik bäsleşigi yglan edilýär
Çeşme: education.gov.tm

Ösüp gelýän ýaş nesillere gözel tebigatymyzy söýmegi we onuň baýlyklaryny, haýwanat, ösümlik dünýäsini gorap saklamagy hem-de olardan rejeli peýdalanmagy wagyz etmek maksady bilen, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ýaş alymlar Geňeşiniň, «Ýaş agroekolog», «Ýaş agrohimik», «Ussat agronom» ylmy gurnaklarynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Gül-gunçaly Diýarym» atly çeper-döredijilik bäsleşiginiň geçirilýändigi habar berilýär.

Bäsleşik ýokarda ady agzalan uniwersitetde 2025-nji ýylyň 19-njy martynda sagat 10:00-da geçiriler. Çeper-döredijilik bäsleşigiň guramaçylyk topary her mekdepden düzüminde 3 sany okuwçy bolan bir toparyň gatnaşyp biljekdigini habar berýär. Oňa gatnaşmak üçin hasaba alnyşyk 2025-nji ýylyň 17-nji martyna sagat 19:00-a çenli dowam eder.

Bäsleşigiň birinji şerti boýunça okuwçylar 5 minudyň dowamynda ýurdumyzyň gözel tebigatyny, onuň milli baýlyklaryny, haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak hem-de olardan rejeli peýdalanmak barada düşünjelerini (goşgy ýa-da söz bilen) çeper beýan etmeli bolarlar.

Şeýle-de, bäsleşige gatnaşýan toparlar 2-nji şertiň düzgünine laýyklykda ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň tohumlaryndan tebigatyň gözel keşbini ýa-da gülleriň şekillerini mozaika görnüşinde ýasap, A3 format ölçegdäki ak kagyzyň ýüzünde ýerleşdirilmeli. Bäsleşigiň bu şerti üçin bolsa, 30 minut wagt berilýär. (Gatnaşjak toparlar ulanjak esbaplaryny öz ýanlary bilen alyp gelmeli).

Toparlar bäsleşigiň düzgünleri boýunça berlen ballar arkaly bahalandyrylar. Eminleriň çykaran netijeleri esasynda 2025-nji ýylyň 19-njy martynda bäsleşigiň jemi jemlenilip, ýeňijiler yglan ediler. Ýeňijiler I, II, III derejeli diplomlar we uniwersitetiň rektorlygy tarapyndan sowgatlar bilen sylaglanarlar.

Habarlaşmak üçin: +99364787503; +99365131712; atabalowalale001@gmail.com

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026