HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwlet energetika institutynda ders bäsleşikleri badalga aldy we döredijilik duşuşygy geçirildi

Mart 13, 2025 | 12:40 |3765
10-njy martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Nazary mehanika” dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Halkara derejesindäki bu olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 22-sinden talyplaryň 184-si, 17 daşary ýurt döwletleriň 85 sany ýokary okuw mekdeplerinden bolsa, talyp ýaşlaryň 517-si, jemi 107 ýokary okuw mekdebinden 700-den gowrak talyplar gatnaşýarlar10-njy martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Nazary mehanika” dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Halkara derejesindäki bu olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 22-sinden talyplaryň 184-si, 17 daşary ýurt döwletleriň 85 sany ýokary okuw mekdeplerinden bolsa, talyp ýaşlaryň 517-si, jemi 107 ýokary okuw mekdebinden 700-den gowrak talyplar gatnaşýarlar
Çeşme: education.gov.tm

10-njy martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Nazary mehanika” dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Halkara derejesindäki bu olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 22-sinden talyplaryň 184-si, 17 daşary ýurt döwletleriň 85 sany ýokary okuw mekdeplerinden bolsa, talyp ýaşlaryň 517-si, jemi 107 ýokary okuw mekdebinden 700-den gowrak talyplar gatnaşýarlar. Halkara internet olimpiadasy 5 gün dowam edip, onuň dowamynda talyplar şahsy we toparlaýyn görnüşinde özara bäsleşerler.

12-nji martda geljekki energetikleri taýýarlaýan institutda 11-12-nji synp mekdep okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşiginiň rus dili dersi boýunça döwlet tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Bilim minstrliginiň, eminler toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri gutlag sözi bilen çykyş etdiler.

1

Şeýle-de Döwlet energetika institutynda 12-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gatnaşyp, ýeňiji bolmagy mynasybetli döredijilik duşuşygy hem geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Institutda geçirilen dabaralaryň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, we ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän birnäçe aýdym-sazly çykyşlara, tanslara tomaşa edildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

00:09 Sentýabr 11, 2026
Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

00:06 Sentýabr 11, 2026
Stambulda 12-nji halkara öý haýwanlary harytlarynyň «PETZOO Eurasia 2026» sergisi geçiriler

Stambulda 12-nji halkara öý haýwanlary harytlarynyň «PETZOO Eurasia 2026» sergisi geçiriler

00:01 Sentýabr 11, 2026