HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý startapy dolulygyna awtonom ýagdaýda işleýän Manus atly dünýäniň ilkinji emeli aň kömekçisi bilen tanyşdyrdy

Mart 11, 2025 | 12:15 |5351
Monica hytaý startapy dolulygyna awtonom ýagdaýda işleýän Manus atly dünýäniň ilkinji emeli aň kömekçisi bilen tanyşdyrdy. South China Morning Post gazetiniň habar berişi ýaly, ol çylşyrymly ýumuşlary çözmek babatyndaky çemeleşmeleri özgerder.Monica hytaý startapy dolulygyna awtonom ýagdaýda işleýän Manus atly dünýäniň ilkinji emeli aň kömekçisi bilen tanyşdyrdy. South China Morning Post gazetiniň habar berişi ýaly, ol çylşyrymly ýumuşlary çözmek babatyndaky çemeleşmeleri özgerder.
Çeşme: radar.am

Monica hytaý startapy dolulygyna awtonom ýagdaýda işleýän Manus atly dünýäniň ilkinji emeli aň kömekçisi bilen tanyşdyrdy. South China Morning Post gazetiniň habar berişi ýaly, ol çylşyrymly ýumuşlary çözmek babatyndaky çemeleşmeleri özgerder.

ChatGPT we Google Gemini ýaly adaty çat-botlardan tapawutlylykda, Manus özbaşdak karar almaga we adam goşulmazdan köp ädimli ýumuşlary ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Meselem, eger-de ulanyjy jaý gözleginde kömek soraýan bolsa, Manus diňe bir maglumat ýygnaman, eýsem has laýyk maslahatlary bermek üçin jenaýatçylyk ýagdaýy, howa şertleri we ýol wagty ýaly köpsanly faktorlary hem seljerýär.

Manus gysga hünärli kömekçileriň işini utgaşdyrýan dolandyrjy hökmünde hereket edýär.

Geljekde bu gural adamlaryň köneçil iş usullaryny üýtgedip biler. Mysal üçin, işgärleri saýlamakda ol şahsy maglumatlary özbaşdak seljerip biler, jikme-jik hasabatlary bermek bilen, bazaryň esasy ösüş ugurlaryny hasaba alyp we laýyk gelýän dalaşgärleri teklip edip biler. Bu işiň ählisi adamyň gatnaşmazlygyndan amala aşyrylýar.

Manus noldan başlap, saýtlary hem döredip biler: sosial ulgamlardan maglumatlary ýygnar, olary torda ýerleşdirer hem-de hosting bilen bagly tehniki meseleleri çözer.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026