HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sport we diplomatiýa: Türkmenistanyň ilçisi Tokio marafonynda

Mart 03, 2025 | 23:35 |6835
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow 2-nji martda Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen «Tokio marafony – 2025» ýaryşyna gatnaşdyTürkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow 2-nji martda Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen «Tokio marafony – 2025» ýaryşyna gatnaşdy
Çeşme: japan.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow 2-nji martda Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen «Tokio marafony – 2025» ýaryşyna gatnaşdy.

Şu ýyl bu ählumumy sport çäresi dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen 38 müňden gowrak türgeni jemledi. World Marathon Majors tapgyryna girýän we World Athletics-iň platin derejesine eýe bolan Tokio marafony her ýyl müňlerçe ylgamak boýunça türgenleri 42 km 195 metr aralykda bäsleşmek üçin özüne çekýär. Marafonyň baş howandary Tokionyň hökümeti bolup durýar.

03032025-posol-turkmenistana-na-tokijskom-marafone (2).jpg

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwýusynda Atadurdy Baýramow Türkmenistanyň sagdyn durmuş ýörelgesini ilerletmäge we sportuň ýaşlar arasynda meşhurlygyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen taýýarlanan we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli baş ýörelge esasynda Aşgabatda sport başlangyçlarynyň ösmegi üçin ähli şertleriň döredilendigini nygtady.

Diplomat Türkmenistanyñ halkara sport başlangyçlaryna-da ünsi çekdi. BMG tarapyndan ykrar edilen bu başlangyçlaryň hatarynda: Dostluk oýunlaryny geçirmek baradaky BMG Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy, 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi, durnukly ösüş üçin köpçülikleýin welosiped sporty jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna goşmak başlangyjy bar.

03032025-posol-turkmenistana-na-tokijskom-marafone (1).jpg

Şeýle hem ilçi Baýramowyň bellemegine görä, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň sport pudagyndaky hyzmatdaşlygy işjeň dowam edýär. Hususan-da, türkmen dzýudoçylarynyň iri halkara ýaryşlaryna taýýarlanmagynda iki ýurduň hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026
Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

18:00 Oktýabr 23, 2026