HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Harbinde ŞHG-niň garda futbol boýunça ikinji ýaryşy badalga aldy

Mart 03, 2025 | 13:29 |6761
Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Heýlunszýan welaýatynyň Harbin administratiw merkezinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň garda futbol boýunça ikinji ýaryşy badalga aldy.Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Heýlunszýan welaýatynyň Harbin administratiw merkezinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň garda futbol boýunça ikinji ýaryşy badalga aldy.
Çeşme: rus.sectsco.org

Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Heýlunszýan welaýatynyň Harbin administratiw merkezinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň garda futbol boýunça ikinji ýaryşy badalga aldy.

Ýaryşlar 2025-nji ýylyň 1-5-nji mart aralygynda Sportuň buz köşgünde geçirilip, oňa ŞHG-niň agza-ýurtlary gatnaşýar: Hindistan, Eýran, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan we Mongoliýa. Bäş günüň dowamynda 16 duşuşyk geçiriler.

Ýaryşyň çäklerinde medeni çäreler hem meýilleşdirilen. Bu bolsa, ony diňe bir sport däl-de, medeni çäre hökmünde tanadýar.

Bu ýaryş 2024-nji ýylda geçirilen birinji ýaryşyň dowamy bolup, sebitde gyşky sport görnüşlerine barha artýan gyzyklanmany açyp görkezdi. Ýaryşlaryň hem ýerli halkyň, hem syýahatçylaryň ünsüni çekjekdigine garaşylýar.

Şahnaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Batyr Tursunow açylyş dabarasyndaky gutlag sözünde geçirilýän bu ýaryşlaryň ŞHG ýurtlarynyň sport däpleriniň ýaýbaňlandyrylmagyna öz goşandyny goşup, Guramanyň giňişliginde halk diplomatiýasynyň ösdürilmeginde nobatdaky ädim boljakdygyny aýtdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026