HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Okgunly küşt Fransuz institutynda: baharyň ilkinji gününde turnir

Mart 01, 2025 | 21:15 |7650
1-nji martda Aşgabatda ilkinji gezek Fransuz instituty we Türkmenistanyñ Küşt federasiýasy tarapyndan guralan gyzykly okgunly turniri geçirildi1-nji martda Aşgabatda ilkinji gezek Fransuz instituty we Türkmenistanyñ Küşt federasiýasy tarapyndan guralan gyzykly okgunly turniri geçirildi
Çeşme: TKF

1-nji martda Aşgabatda ilkinji gezek Fransuz instituty we Türkmenistanyñ Küşt federasiýasy tarapyndan guralan gyzykly okgunly turniri geçirildi.

Institutyň rahat gurşawynda geçen bu ýaryşa 40 oýunçy gatnaşdy. Olaryň arasynda mekdep okuwçylary, talyplar hem-de şäheriň dürli künjeklerinden gelen küşt muşdaklary bardy. Turnir 7 tapgyrdan ybarat bolup, oýunlar Şweýsariýa ulgamy boýunça geçirildi. Her oýunça 5 minut wagt berildi we her göçüm üçin 3 sekunt goşuldy. Gatnaşyjylar üçin turnir mugt gurnaldy, bu bolsa küşt söýüjilerine hakyky ýaryş atmosferasynda öz ukyplaryny görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilik döretdi.

IMG_20250301_162128_747.jpg

Gyzgalaňly bäsleşigiň netijesinde küşt boýunça internet platformalary arkaly oýnamagy endik edinen küşt muşdagy Serdar Altyýew ýaryşyň ýeňijisi boldy. Bu onuň ilkinji resmi küşt turniri. Ikinji orny ýaş mekdep okuwçysy Kirill Melihew eýeledi, üçünji ýeri bolsa hünäri boýunça hukukçy bolan Maýsa Ýazyýewa aldy.

IMG_20250301_162128_147.jpg

Aýratyn baýraklara mynasyp bolanlar: Merýem Ýazmyradowa – gyzlaryň arasynda iň gowy netije üçin; Artýom Kolosow – 12 ýaşa ýetmedik oýunçylaryň arasynda iň gowy netije üçin.

Turnirde “kalkulýator gyz” ady bilen tanalýan Liwanur Berdiýewanyň gatnaşmagy aýratyn üns çekdi. Ol mental arifmetika boýunça ussat bolup, 2024-nji ýylda “Rossiýa 1” teleýaýlymynda geçirilen “Täsin adamlar” teletomaşa Türkmenistandan gatnaşan ilkinji wekil boldy. Liwanuryň bu ýaryşa gatnaşmagy ýaş oýunçylara aýratyn ruhlandyryjy täsir etdi.

яя.jpg

Turnir “Küşt Älemi” Küşt Akademiýasynyň, “Readit” kitap dükanynyň, “Belle” ykjam goşundysynyň we Orient.tm media platformasynyň goldaw bermeginde geçirildi.

Turniriň giňişleýin statistikasyna şu salgy arkaly girip bilersiňiz

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026