HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan we Türkmenistan durmuş taýdan goramak ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada maslahatlaşdylar

Fewral 28, 2025 | 11:00 |6157
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli durmuş taýdan goramak agentliginiň direktory Mansurbek Olloýorowyň Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Silapow bilen wideo aragatnaşyk arkaly maslahaty geçirildi.Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli durmuş taýdan goramak agentliginiň direktory Mansurbek Olloýorowyň Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Silapow bilen wideo aragatnaşyk arkaly maslahaty geçirildi.
Çeşme: uzdaily.uz

27-nji fewralda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli durmuş taýdan goramak agentliginiň direktory Mansurbek Olloýorowyň Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Silapow bilen wideo aragatnaşyk arkaly maslahaty geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar durmuş taýdan goramagyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Özbek tarapy ilatyň durmuş taýdan gowşak toparyna goldaw bermek boýunça amala aşyrylýan başlangyçlar, gazanylan netijeler we öňde duran wezipeler baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrdy. Durmuş taýdan goramak ulgamyny sanlylaşdyrmak, durmuş taýdan kömek bermegiň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de durmuş hyzmatlar ulagymyny ösdürmek meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm ugurlar boýunça, şol sanda ilata goldaw bermek gurallaryny kämilleşdirmek, maýyplygy bolan adamlaryň saglygyny dikeltmek babatda tejribe alyşmak hem-de durmuş taýdan goramak ulgamyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda bilelikdäki iş baradaky ylalaşyga ýetildi.

Agentligiň direktory Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrini durmuşa geçirilýän taslamalar bilen tanyşmak we bu ugurdaky dialogy dowam etdirmek maksady bilen Özbegistana çagyrdy. Duşuşyk oňaýly we işewür ýagdaýda geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026
Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

16:00 Sentýabr 29, 2026