HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan her ýylda geçirilýän TRACECA-nyň 17-nji mejlisine gatnaşdy

Fewral 28, 2025 | 09:45 |6468
Tähranda her ýylky TRACECA-nyň 17-nji Hökümetara toparynyň mejlisi geçirilip, oňa gatnaşyjy-ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda sebitiň ulag özara baglanyşygynyň, durnukly ulag we ykdysady integrasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Tähranda her ýylky TRACECA-nyň 17-nji Hökümetara toparynyň mejlisi geçirilip, oňa gatnaşyjy-ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda sebitiň ulag özara baglanyşygynyň, durnukly ulag we ykdysady integrasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: eco.int

26-njy fewralda Tähranda her ýylky TRACECA-nyň 17-nji Hökümetara toparynyň mejlisi geçirilip, oňa gatnaşyjy-ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda sebitiň ulag özara baglanyşygynyň, durnukly ulag we ykdysady integrasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Netijeli we durnukly ulag geçelgeleriň döredilmegine, sebitara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de ulag infrastrukturasynyň häzirki zaman talaplara uýgunlaşmagyna aýratyn ähmiýet berildi. 1

Gatnaşyjylar ählumumy söwda ýollarynda sebitiň strategiki orny barada belläp, ulag netijeliligini, şol sanda multimodal daşamalaryň ösdürilmegini we ulag syýasatynyň sazlaşdyrylmagyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, Ýewropany, Aziýany we Ýakyn Gündogary birleşdirýän Yslamabad-Tähran-Stambul (ITI), Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe (KUTIT), Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe (TUTIT), Bender-Abbas-Almaty, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran (KTI) hem-de Gyrgyzystan-Täjigistan-Owganystan-Eýran-Türkiýe (KTAI) ýaly möhüm halkara ulag geçelgeleriň işleýşiniň meselelerine hem garaldy. 2

Türkmenistanyň TRACECA ylalaşygyna 2023-nji ýylyň noýabrynda goşulşandygyny bellemeli. Munuň özi Türkmenistanyň halkara ulag taslamalaryna gatnaşmagy we ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmek üçin täze ýollary açyp berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026