Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

“Euronews” Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çagyryldy

Fewral 28, 2025 | 02:30 |8520
27-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Euronews” telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidi kabul etdi27-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Euronews” telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidi kabul etdi
Çeşme: euronews.com

27-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Euronews” telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidi kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistany dünýäde giňden tanatmak boýunça dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we halkara media agentlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda Ýewropanyň öňdebaryjy media düzümi bolan “Euronews” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi bellenildi.

Hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada aýdyp. döwlet Baştutany, Türkmenistanyň medeni we taryhy mirasyny dünýä tanatmak, syýahatçylygy ösdürmek ýaly ugurlara ünsi çekdi. Serdar Berdimuhamedow baý milli mirasy we taryhy ýadygärlikleri, täsin tebigy landşaftlary bilen meşhur bolan Türkmenistanyň syýahatçylyk üçin mümkinçiliklerini aýratyn belledi. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Köpetdagyň dag etekleri, Garagum sährasy syýahatçylyk babatda uly artykmaçlyklara eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti “Euronews” telekompaniýasynyň ýörite gepleşiklerinde Türkmenistan barada degişli wideofilmleriň görkezilýändigini belledi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Şeýle hem şu ýyl biz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny giňden belläp geçeris diýip, döwlet Baştutany aýtdy we Pedro Wargas Dawidi 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna çagyrdy.

Mundan başga-da duşuşykda halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ozal ýerine ýetirilen we geljekde göz öňünde tutulýan taslamalar barada-da pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde-de “Euronews” telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady diýip, “Neýtralnyý Türkmenistan” (“Нейтральный Туркменистан”) gazeti habar berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026