HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gyrgyzystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Fewral 26, 2025 | 22:35 |7823
26-njy fewralda, çarşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy26-njy fewralda, çarşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy
Çeşme: mfa.gov.kg

26-njy fewralda, çarşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.

Taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şeýle hem energetika we ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sadyr Žaparow, Türkmenistandan Gyrgyzystana energiýa üpjünçiligi meselesiniň çözülendigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň web sahypasynda habar berlişi ýaly, söhbetdeşligiň mowzuklarynyň biri öňde boljak möhüm wakalar, hususan-da şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli halkara forum hakda boldy.

26022025-ministr-inostrannyh-del-turkmenistana-vstretilsya-s-prezidentom-kyrgyzstana (2).jpg

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Prezident Sadyr Žaparowa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan bu halkara foruma çakylyk hatyny gowşurdy.

Gyrgyzystanyň Baştutany, gyrgyz tarapynyň Türkmenistan tarapyndan başy başlanan ýokary wekilçilikli derejedäki çärelere gatnaşmak isleýändigini mälim etdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026