HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Bişkek daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary derejesinde syýasy geňeşmeleri geçirdi

Fewral 26, 2025 | 22:00 |6947
Türkmenistan we Gyrgyzystan daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirdi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministri Raşid Meredow, gyrgyz tarapyna – onuň kärdeşi Žeenbek Kulubaýew ýolbaşçylyk etdiTürkmenistan we Gyrgyzystan daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirdi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministri Raşid Meredow, gyrgyz tarapyna – onuň kärdeşi Žeenbek Kulubaýew ýolbaşçylyk etdi
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistan we Gyrgyzystan daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirdi. Türkmen tarapyna Daşary işler ministri Raşid Meredow, gyrgyz tarapyna – onuň kärdeşi Žeenbek Kulubaýew ýolbaşçylyk etdi.

Gün tertibine türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri, döwletara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilişine seljerme, geljekki işleriň ileri tutulýan ugurlary girizildi. Dürli derejelerde geçiriljek duşuşyklaryň tertibi jikme-jik gözden geçirildi.

26022025-ashhabad-i-bishkek-proveli-politkonsultacii- (1).jpeg

Türkmenistanyň DIM-niň maglumatyna görä, diplomatlar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň maksatnamasynyň çäginde bilelikdäki hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar we halkara guramalarynyň meýdançalarynda, hususan-da BMG, ÝHHG, YHG, şeýle hem “Merkezi Aziýa +” formatlarynyň ugry boýunça umumy garaýyşlary öňe sürmäge taýýardyklaryny tassykladylar, hem-de sebit hem-de halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Parlamentara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi.

Şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynda bar bolan mümkinçilikden doly peýdalanmak, özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagyň ýollary boýunça pikir alyşmalar boldy. Taraplar ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary, şol sanda garşylykly Medeniýet günlerini we beýleki döredijilik çärelerini guramagy, ylym we bilim pudagyndaky gepleşikleri we sport arkaly gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň tarapdarydyklaryny beýan etdiler.

26022025-ashhabad-i-bishkek-proveli-politkonsultacii- (3).jpg

Duşuşygyň netijeleri boýunça Raşid Meredow we Žeenbek Kulubaýew Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025–2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026