HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Start” hat-habar alyş-çalyş ulgamyndaky maglumatlaryň işlenilmegi has netijeli boldy

Fewral 25, 2025 | 15:45 |7151
Start hat-habar alyş-çalyş ulgamy özüniň işleýşini kämilleşdirip, ulanyjylara maglumatlary has netijeli işlemek mümkinçiligini berdi.Start hat-habar alyş-çalyş ulgamy özüniň işleýşini kämilleşdirip, ulanyjylara maglumatlary has netijeli işlemek mümkinçiligini berdi.
Çeşme: orient.tm

Start hat-habar alyş-çalyş ulgamy özüniň işleýşini kämilleşdirip, ulanyjylara maglumatlary has netijeli işlemek mümkinçiligini berdi.

Möhüm täzelenişiň biri maglumatlary işlemegiň tizligidir. Bu maglumatlary çalt alyşmak şertlerinde aýratyn möhüm bolup durýar. Indi ulanyjylar maglumatlary has çalt ýagdaýda alyp we geçirip bilýärler. Mundan başga-da, giňeldilen işleýiş wezipeleri media maglumatlar bilen işlemegiň täze gurallaryny, bulutlaýyn hyzmatlar bilen integrasiýany we gowulandyrylan howpsuzlyk wezipelerini öz içine alýar. Bu üýtgeşmeler “Start” ulgamyny bazarda has bäsdeşlige ukyply ýagdaýa getirip, oňa täze ulanyjylary özüne çekmäge we bar bolanlary saklamaga ýardam berýär.

Start diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem dolulygyna maglumatlary alyşmak we işlemek üçin meýdança öwrülýär. Munuň özi maglumatlaryň uly göwrümi bilen işleşýän işewürler we ýokary taýýarlykly hünärmenler üçin döwrebap bolup durýar.

“Start” ykjam programma üpjünçiligi onlaýn-görnüşinde hat-habar alyşmaga, toparlaýyn gepleşikleri guramaga, ses we wideo jaňlary amala aşyrmaga, şeýle hem dürli görnüşli elektron maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýär. Meýdançanyň interfeýsi kämilleşdirilýär.

Bu programma üpjünçiligi iOS we Android platformalarynda elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026