HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Günorta Koreýa daşary ýurtlylar üçin elektron migrasiýa kart ulgamyny girizdi

Fewral 25, 2025 | 12:15 |8189
2025-nji ýylyň 24-nji fewralyndan başlap, Günorta Koreýa e-Arrival card ady bilen belli daşary ýurtlylar üçin elektron migrasiýa kart ulgamyny girizýär. Bu girizilen täzeçilik giriş prosesini aňsatlaşdyrmaga, howa menzillerinde barlagdan geçmek işiniň wagtyny azaltmaga we dolulyk derejesini peseltmäge gönükdirilendir.2025-nji ýylyň 24-nji fewralyndan başlap, Günorta Koreýa e-Arrival card ady bilen belli daşary ýurtlylar üçin elektron migrasiýa kart ulgamyny girizýär. Bu girizilen täzeçilik giriş prosesini aňsatlaşdyrmaga, howa menzillerinde barlagdan geçmek işiniň wagtyny azaltmaga we dolulyk derejesini peseltmäge gönükdirilendir.
Çeşme: en.yna.co.kr

2025-nji ýylyň 24-nji fewralyndan başlap, Günorta Koreýa e-Arrival card ady bilen belli daşary ýurtlylar üçin elektron migrasiýa kart ulgamyny girizýär. Bu girizilen täzeçilik giriş prosesini aňsatlaşdyrmaga, howa menzillerinde barlagdan geçmek işiniň wagtyny azaltmaga we dolulyk derejesini peseltmäge gönükdirilendir.

Bu ulgam arkaly ýurda gelýän daşary ýurtly raýatlar girişden üç gün öňünden migrasiýa kartyny onlaýn görnüşinde dolduryp bilerler. Ozal daşary ýurtlylar gelen mahaly, migrasiýa kartlaryny kagyz gönüşinde elde doldurmalydylar, bu hem uly nobatlaryň we saklamalaryň peýda bolmagyna getirýärdi. Indi bolsa, elektron karty dolduryp, syýahatçylar migrasiýa gözegçiligini geçen wagtlary öz ykjam enjamlarynda tassyklaýşy görkezip bilerler. Kadadan çykmalar Koreýanyň bellige alnan rezidentlerine we awiakompaniýalaryň ekipaž agzalaryna degişlidir. 14 ýaşdan kiçi çagalar üçin migrasiýa kartyny onuň bilen bile barýan adam doldurmaly.

Täze ulgamyň has köp syýahatçylary çekip, ýurtda amala aşyrylýan syýahatlaryň umumy tejribesini gowulandyrjakdygyna garaşylýar.

Ministrlik ýüze çykyp biljek bulaşyklyk sebäpli ýylyň ahyryna çenli kagyz ulgamyny täze elektron bilen birlikde saklamagy göz öňünde tutýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026