HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Şanhaýda Işläp taýýarlaýjylaryň ählumumy maslahaty geçdi

Fewral 24, 2025 | 16:35 |5798
Şanhaýda 22-24-nji fewral aralygynda geçirilen Işläp taýýarlaýjylaryň ählumumy maslahaty-2025 tehnologiýalar dünýäsinde möhüm waka bolup, onda emeli aň babatda tejribe alyşmaklyga ähmiýet berildi.Şanhaýda 22-24-nji fewral aralygynda geçirilen Işläp taýýarlaýjylaryň ählumumy maslahaty-2025 tehnologiýalar dünýäsinde möhüm waka bolup, onda emeli aň babatda tejribe alyşmaklyga ähmiýet berildi.
Çeşme: russian.news.cn

Şanhaýda 22-24-nji fewral aralygynda geçirilen Işläp taýýarlaýjylaryň ählumumy maslahaty-2025 tehnologiýalar dünýäsinde möhüm waka bolup, onda emeli aň babatda tejribe alyşmaklyga ähmiýet berildi.

Maslahatda öňdebaryjy tehnologiýalar we başlangyç açyk kodly harytlar görkezildi. Munuň özi işläp taýýarlaýjylar üçin açyk platformalaryň barha ösýän wajyplygyny tassyklaýar. Hytaýyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary özüniň iň täze işläp taýýarlamalaryny hödürlediler, bütin dünýäniň alymlaryny, maýadarlaryny we işläp taýýarlaýjylaryny özüne çekmegi maksat edindiler.

HHR-iň Senagat we informatizasiýa ministriniň orunbasary Sýun Sziszýun işläp taýýarlaýjylaryň uly böleginiň goldawy bilen Hytaýda emeli aňyň güýçli depginde ösdürilýändigi barada aýtdy. Şeýle hem, ol ýurduň başlangyç açyk kodlaryň işläp taýýarlaýjylarynyň sany boýunça dünýäde ikinji orun eýeleýändigi barada belledi. Maslahat adama meňzedilen robotlar we robototehnika ýaly innowasion tehnologiýalaryň görkezilişini hem öz içine aldy. Bu bolsa köpçüligiň ünsüni çekdi. Çaklamalara görä, 2028-nji ýyla çenli Hytaýyň emeli aň senagatynyň möçberi 811 mlrd ýuana ýeter. Munuň özi bu ugur boýunça maýa goýumlary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

2018-nji ýyldan bäri Şanhaýyň emeli aň senagaty birleşigi tarapyndan geçirilýän bu çäre ozal Bütindünýä emeli aň maslahaty diýlip atlandyrylýardy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026