HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaş türkmen inženerler “Almaty Tech Cup-2025” atly Halkara robototehnika çempionatyna gatnaşýarlar

Fewral 24, 2025 | 10:30 |6230
2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Almaty şäherinde “Almaty Tech Cup-2025” atly Halkara inženerçilik we robototehnika çempionatyna badalga berildi.2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Almaty şäherinde “Almaty Tech Cup-2025” atly Halkara inženerçilik we robototehnika çempionatyna badalga berildi.
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda Almaty şäherinde “Almaty Tech Cup-2025” atly Halkara inženerçilik we robototehnika çempionatyna badalga berildi. Oňa iki sany türkmen topary hem gatnaşýar.

Bu abraýly ýaryş dürli ýurtlaryň ýaş inženerlerini, programma düzüjilerini we oýlap tapyjylaryny ýygnap, olara robototehnika, programma düzüjilik we tehniki konstruktorçylyk babatda öz bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berdi.
1

Şeýle çäreler iň çylşyrymly tehnologiki ýumuşlary çözüp biljek ýokary taýýarlykly hünärmenleriň täze tapgyrynyň emele gelmegine ýardam berýär. Mundan başga-da, çempionat tejribe alyşmak, halkara hyzmatdaşlygy we Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, şol sanda Türkmenistanyň toparlarynyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ajaýyp meýdança bolup çykyş edýär. 2

Ýaş türkmen zehinleri üçin aýrylyp berlen pawilýonda çäräniň ýolbaşçylary gatnaşyjylara çempionatda üstünlik arzuw edip, türkmen toparlarynyň ýokary taýýarlykly derejesini bellemek bilen, olaryň robototehnika babatda ynamly bilimlerini, inženerçilik ukyplaryny we konstruktorçylyk başarnyklary barada nygtadylar.

2024-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda robototehnika boýunça bäsleşik geçirilip, oňa onlarça ýaş zehinli inženerleriň gatnaşandygyny bellemek gerek.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026