HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Fewral 22, 2025 | 10:00 |6091
Düýn paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.Düýn paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.
Çeşme: tdh.gov.tm

Düýn paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.

Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekledi. Milli Liderimiz we Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Belent mertebeli myhman bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de ýurduň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny, Türkmenistanyň ähli halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de ol türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmekde Milli Liderimiziň ägirt uly goşandyny aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň Türkmenistana ýygy-ýygydan amala aşyrýan saparlarynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň örän ýokary derejede alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hemişe özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek däplerine esaslanýar. Ýokary derejede amala aşyrylýan saparlaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy ony dürli ugurlar boýunça has-da ilerletmek üçin berk binýat bolup durýar. Şeýle hem medeniýet, ylym-bilim, sungat, döredijilik ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, özara Medeniýet günlerini, sergileri yzygiderli geçirmegiň wajypdygy bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu şanly ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçiriljekdigini aýdyp, Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýana BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan üçin bu halkara foruma çakylyk hatyny gowşurdy hem-de onuň bu çärä gatnaşmagynyň uly ähmiýetini belledi.

BAE-niň wise-prezidenti Türkmenistanyň BMG-niň meýdançasynda öňe sürýän, parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny Birleşen Arap Emirlikleriniň hemişe goldaýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan birek-birege alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026