HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarus Respublikasy Aziýa parlament assambleýasynda synçy derejesini aldy

Fewral 22, 2025 | 09:45 |5870
Belarus Respublikasy Aziýa parlament assambleýasynda (APA) synçy derejesini aldy. Bu baradaky karar Baku şäherinde tamamlanan Guramanyň 15-nji umumy mejlisinde kabul edildi diýip, BELTA habar berýär.Belarus Respublikasy Aziýa parlament assambleýasynda (APA) synçy derejesini aldy. Bu baradaky karar Baku şäherinde tamamlanan Guramanyň 15-nji umumy mejlisinde kabul edildi diýip, BELTA habar berýär.
Çeşme: e-cis.info

Belarus Respublikasy Aziýa parlament assambleýasynda (APA) synçy derejesini aldy. Bu baradaky karar Baku şäherinde tamamlanan Guramanyň 15-nji umumy mejlisinde kabul edildi diýip, BELTA habar berýär.

Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika geňeşiniň hemişelik komissiýasynyň halkara işler we milli howpsuzlyk boýunça başlygy Sergeý Aleýnigiň habar berişi ýaly, bu Guramada synçy derejesini almak baradaky resmi arza 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda tabşyryldy. Arza Guramanyň ähli agza-döwletleri tarapyndan oňyn kabul edildi. “Assambleýa “Halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda parlament diplomatiýasynyň orny” şygary astynda geçirildi. Munuň özi Guramanyň ähli agza-ýurtlarynyň we synçy-ýurtlarynyň (60 golaý döwlet) köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek, sebit we global howpsuzlygy pugtalandyrmakda ýardam bermek, durnukly ösüşi üpjün etmek, halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak islegini açyp görkezýär” – diýip, ol belledi.

Aziýa parlament assambleýasy (APA) 2006-njy ýylda döredilip, onuň maksady häzirki zaman möhüm meseleleriň çözülmeginde milli parlamentleriň tagallalaryny utgaşdyrmakdan, şol sanda Aziýada parahatçylygy üpjün etmekde parlamentiň ornuny ýokarlandyrmakdan ybarat. Assambleýa sebitde parlamentara dialogyň bir guraly hökmünde çykyş edip, onuň işi Aziýanyň howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde toparlaýyn strategiýanyň işlenilmegine gönükdirilendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026