HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Koreýa Respublikasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäre geçirildi

Fewral 20, 2025 | 14:45 |5183
20-nji fewralda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi.20-nji fewralda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy

20-nji fewralda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi. Çärä Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýokary wezipeli resmi adamlary we işgärleri, Koreýa Respublikasynda akkreditlenen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilahanalarynyň ýolbaşçylary, alymlar, medeni birleşikleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdy.

1

Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B.Durdyýew syýasy, diplomatik, ykdysady we maýa goýum başlangyçlaryň, şeýle hem ýylyň dowamynda guraljak dürli görnüşli medeni çäreleriň wajyplygy barada nygtap geçdi. Gatnaşyjylar 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly Türkmenistanyň halkara başlangyçlary, şeýle hem şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň alyp barjak işiniň konsepsiýasy bilen tanyşdyryldy.

2

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy we Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 33 ýyllygy mynasybetli çärelere aýratyn üns çekildi. Bu seneler Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatik tagallalary üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Metbugat maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmensitanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly täze kitaplarynyň tanyşdyrylyşy hem geçirildi.

3

Çäräniň çäklerinde milli türkmen egin-eşikleriniň hem-de amalay-haşam sungatyň eserleriniň sergisi guraldy. Çäre myhmanlara milli türkmen tagamlaryň hödürlenilmegi bilen tamalandy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026