HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gyrgyzystan GDA ýurtlarynyň Mekdep ligasyny döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi

Fewral 20, 2025 | 13:00 |5308
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) Mekdep ligasynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu hem 2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda onlaýn-görnüşinde geçirilen iş maslahatyň netijesi boldy.Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) Mekdep ligasynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu hem 2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda onlaýn-görnüşinde geçirilen iş maslahatyň netijesi boldy.
Çeşme: rg.ru

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) Mekdep ligasynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu hem 2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda onlaýn-görnüşinde geçirilen iş maslahatyň netijesi boldy.

Başlangyç Gyrgyzystana degişli bolup, ol toparlaryň saýlap alynmagynyň milli tapgyryny guramak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Ligasynyň tejribesini ulanmagy teklip etdi. Gyrgyzystan Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda sport ýaryşlaryny geçirmegiň Konsepsiýasyny hem hödürledi.

Maslahata gatnaşyjylar, şol sanda Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan mekdep okuwçylarynyň arasynda yzygiderli sport ýaryşlaryň geçirilmegine gyzyklanma bildirdiler. Bu hem iň gowy toparlaryň saýlap alynmagyň köpbasgançakly ulgamyny hem-de olaryň halkara jemleýji ýaryşlaryna gatnaşmak mümkinçiligini öz içine alýar.

Mekdep ligasynyň döredilmegi sportuň topar görnüşleriniň ösdürilmegine, okuwçylaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekilmegine, şeýle hem mekdepleriň bedenterbiýe we sport infratsrukturasynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Şeýle ýaryşlaryň şahsyýetiň sazlaşykly ösüşine hem-de sport klublar we ýygyndy toarlar üçin geljegi uly bolan türgenleriň saýlanyp alynmagyna ýaram berjekdigine garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026