HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti Germaniýada hassahana işiniň sanlylaşdyrylyşy bilen tanyşdylar

Fewral 20, 2025 | 10:07 |5756
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäherinde täze gurulýan 500 orunlyk Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkezine bolan iş sapary döwründe bu merkezde bir bitewi seljeriş-intellektual bölümi döretmek barada tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat bolan topar 2025-nji ýylyň 3-15-nji fewralynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hassahanalarynda we klinikalarynda iş sapary bilen boldular. Bu barada Türkmenistanyň bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäherinde täze gurulýan 500 orunlyk Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkezine bolan iş sapary döwründe bu merkezde bir bitewi seljeriş-intellektual bölümi döretmek barada tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat bolan topar 2025-nji ýylyň 3-15-nji fewralynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hassahanalarynda we klinikalarynda iş sapary bilen boldular. Bu barada Türkmenistanyň bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: corp.cnews.ru

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäherinde täze gurulýan 500 orunlyk Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkezine bolan iş sapary döwründe bu merkezde bir bitewi seljeriş-intellektual bölümi döretmek barada tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat bolan topar 2025-nji ýylyň 3-15-nji fewralynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hassahanalarynda we klinikalarynda iş sapary bilen boldular. Bu barada Türkmenistanyň bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Saparyň maksady – merkezde seljeriş-intellektual bölüminiň işini ýola goýmak babatda zerur bolan internet, sanly ulgam, maglumat howpsuzlygy, emeli aň we kompýuter programmalarynyň üpjünçiligini ýerinde öwrenmek.

Iş saparynyň dowamynda wekiller Fraýbrug uniwersitet hassahanasy, RWTH Ahen uniwersitet klinikasy, Heidelberg uniwersitet hassahanasy, Göttingen hassahanasy, Lýudwig Maksimillian adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Groshadern klinikasy, Augsburg uniwersitet hassahanasy we Fürstenfeldbruk hassahanalaryna bardylar.

Türkmen wekiliýetiniň agzalary hassahanalaryň lukmançylyk işgärleri, IT we intellektual-seljeriş bölümleriniň hünärmenleri bilen duşuşyp, sanly lukmançylyk boýunça soraglary ara alnyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem olaryň hassahana işini sanlylaşdyrmak, emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ulanmak, IT bölümleriň işini guramak babatynda tejribelerini öwrendiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hazarüsti ugry we “Global Gateway” maýa goýumlary — Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Lýuk Dewin ORIENT neşirine interwýu berdi

Hazarüsti ugry we “Global Gateway” maýa goýumlary — Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Lýuk Dewin ORIENT neşirine interwýu berdi

04:00 Oktýabr 28, 2026
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026