HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pezeşkian: Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy birnäçe esse artmak mümkinçiligine eýe

Fewral 19, 2025 | 23:50 |7532
Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Tährana baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow bilen bolan duşuşygynda: “Eýranyň we Türkmenistanyň gatnaşyklary ösdürmek üçin uly esaslary hem-de mümkinçilikleri barEýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Tährana baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow bilen bolan duşuşygynda: “Eýranyň we Türkmenistanyň gatnaşyklary ösdürmek üçin uly esaslary hem-de mümkinçilikleri bar
Çeşme: president.ir

Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Tährana baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow bilen bolan duşuşygynda: “Eýranyň we Türkmenistanyň gatnaşyklary ösdürmek üçin uly esaslary hem-de mümkinçilikleri bar, eger bu ýagdaý işjeňleşdirilse iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň mukdaryny häzirki ýagdaýy bilen deňeşdirilende birnäçe esse artdyrlyp biler” diýip belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow: “bu forumyň netijeleriniň Hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly ädim boljakdygyna we sebitiň bähbidi üçin hyzmatdaşlygy giňeltmekde örän täsirli boljakdygyna ynanýarys” diýip, Hazar ykdysady forumynyň guralyşyna ýokary baha berdi. Bu barada ISNA agentligi habar berýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary iki ýurduň energetika we ulag pudagyndaky häzirki hyzmatdaşlyk hem-de bilelikdäki taslamalar barada durup geçdi. Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyny diňe bir goňşusy däl, eýsem strategiki hyzmatdaş hasaplaýandygyny we hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin açan uly mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagy maksat edinýändigi aýtdy, şeýle hem iki ýurduň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň doly ýerine ýetiriljekdigini tassyklandy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026