HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝHHG Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň kinologlary üçin gözükdirijileri taýýarlaýyş okuwlaryny geçirdi

Fewral 19, 2025 | 15:05 |6043
Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäherinde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň kinologlary üçin gözükdirijileri taýýarlaýyş okuwlary açyldy. Bäş günlük okuwlara 24 adam, şol sanda serhetçi-kinologlar, weterinarlar we itçilik boýunça hünärmenler gatnaşýar.Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäherinde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň kinologlary üçin gözükdirijileri taýýarlaýyş okuwlary açyldy. Bäş günlük okuwlara 24 adam, şol sanda serhetçi-kinologlar, weterinarlar we itçilik boýunça hünärmenler gatnaşýar.
Çeşme: osce.org

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäherinde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň kinologlary üçin gözükdirijileri taýýarlaýyş okuwlary açyldy. Bäş günlük okuwlara 24 adam, şol sanda serhetçi-kinologlar, weterinarlar we itçilik boýunça hünärmenler gatnaşýar.

Bu okuwlar Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada we Owganystanda serhetleri dolandyrmak maksatnamasy (BOMKA-10) bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guraldy. Ol Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda geçirilen bäş okuwyň iň soňkysydyr.

Okuwlary geçirmek üçin Aşgabatdaky ÝHHG-niň Merkezi iki sertifisirlenen bilermen-kinologlaryny we milli weterinar-kinologyny çagyrdy.

Öwrediji okuwlar gulluk itleriň ukyplary, kinologiýa tärleri we itlere tälim bermek strategiýalary barada çuňlaşdyrylan bilimleri almaga mümkinçilik berer.

Gatnaşyjylar Aşgabatdaky ÝHHG-niň Merkezi bilen Türkmenistanyň kinologiýa hünärmenleri bilen bilelikde taýýarlan itleri taýýarlamak boýunça okuw gollanmasy bilen hem tanyşdyryldy. Anyk ýagdaýlara esaslanan gollanma gözükdirijilere, tälimçilere we it eýelerine gulluk itleriň başlangyç taýýarlyklary we olara ideg bermek boýunça maksatnamany hödürlemäge niýetlenendir.

Bilermenler bilen bilelikde gatnaşyjylar gulluk itleriniň ýeterli beden we emosional ýagdaýynyň üpjün edilişi, olara ilkinji kömegiň berilişi we itlere degişli ideg berilişi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hazarüsti ugry we “Global Gateway” maýa goýumlary — Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Lýuk Dewin ORIENT neşirine interwýu berdi

Hazarüsti ugry we “Global Gateway” maýa goýumlary — Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Lýuk Dewin ORIENT neşirine interwýu berdi

04:00 Oktýabr 28, 2026
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026