Halkara söwda we hyzmatlar: parahatçylyk we ynanyşmak ruhunda geljegi bilelikde gurýarys


«Halkara söwda we hyzmatlar» sergi-ýarmarkasy – dünýä ýurtlarynyň kompaniýalary üçin Türkmenistanyň çalt ösýän bazarynda öz ornuny giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde, Türkmenisatn halkara derejeli çäreleriň başlangyçysy we guramaçysy hökmünde daşary ýurtly gatnaşyjylary «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu çäre halklaryň we medeniýetleriň arasyndaky dostlugy, hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrýan möhüm söwda köprüsine öwrüler.
Sergi 29-njy aprel – 1-nji maý aralygynda Aşgabatda geçirilip, dünýäniň dürli künjeginden gelen işewürler, maýadarlar we bilermenler täze işewür mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşarlar we özara bähbitli şertnamalara gol çekerler.
Bu giň möçberli çäre eksport ösüşini, logistika hyzmatlarynyň kämilleşmegini we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin täsirli platforma bolar. Şeýle hem, iň täze tehnologiýalar, geljegi uly taslamalar we innowasion çözgütler bu ýerde görkeziler.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi dünýä işewür jemgyýetçiligini bu möhüm wakanyň bir bölegi bolmaga çagyrýar. Bu çäre eksport ugurlarynyň giňelmegine, täze bazarlaryň açylmagyna we kompaniýalaryň işewür hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyna itergi berer.
Sergide size nämeler garaşýar?
Halkara söwda we hyzmatlar - 2025 sergi-ýarmarkasy dünýäniň öňdebaryjy innowatorlaryny, pikir liderlerini we işewür ýolbaşçylaryny bir ýere jemläp, geljegi gurýan esasy pudaklary hödürlär:
✔ Azyk önümleri we oba hojalygy
✔ Harytlar we hyzmatlar
✔ Elektron söwda / E-commerce
✔ Sarp ediş harytlary
✔ Senagat önümçiligi
✔ Hünär hyzmatlary
✔ Senetçilik önümçiligi
✔ Kreatiw industriýalar
Näme üçin gatnaşmaly?
Sergä gatnaşmak bilen, siziň kompaniýaňyz:
• Döwlet edaralary, ýerli kärhanalar we halkara maýadarlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýup biler.
• Merkezi Aziýanyň iň çalt ösýän ykdysadyýetleriniň biri bilen göni işewür gatnaşyk gurar.
• Önümlerini, hyzmatlaryny we tejribesini halkara hyzmatdaşlaryna hödürlär.
• Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny ösdürmäge goşant goşar we täze bazarlara çykmaga mümkinçilik alar.
Hyzmatdaşlyk platformasy
Biz halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegi we bilelikde ösüşi gazanmagy maksat edinýäris. Siziň gatnaşmagyňyz, bilimiň, innowasiýanyň we dürli pudaklaryň durnukly ösüşiniň ýokarlanmagyna uly goşant goşar. Serginiň dowamynda döwlet we hususy pudaklardan kärdeşleriňiz bilen iş duşuşyklary geçirip bilersiňiz.
Sergä nähili gatnaşyp bilersiňiz?
Hasaba alynmak, sergi meýdançasyny bron etmek we goşmaça maglumat almak üçin resmi web sahypamyza giriň ýa-da Turkmen Expo topary bilen habarlaşyň:
Website – itse.turkmenexpo.com
Telefon – +99371871814 / +99363719588
E-mail – contact@turkmenexpo.com








