HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Hindistanda geçirilen seminarda çykyş etdi

Fewral 11, 2025 | 10:25 |4822
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Kömek Kömekow Hindistanyň Çennaý şäherinde geçirilen halkara seminara gatnaşdy.Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Kömek Kömekow Hindistanyň Çennaý şäherinde geçirilen halkara seminara gatnaşdy.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Kömek Kömekow Hindistanyň Çennaý şäherinde geçirilen halkara seminara gatnaşdy.

Çäre 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 22-den fewral aýynyň 18-ne çenli Hindistan Respublikasynyň tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (ITEC) çäklerinde Hindistanyň milli tehniki ugurly mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyryş we ylmy-barlag institutynda geçirilýär. Seminaryň mowzugy – “Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly özüş maksatlaryna ýetmekde tehniki we hünär bilim ulgamyny pugtalandyrmak”. Maslahata 25 ýurduň 30 wekili gatnaşýar.

Şu ýylyň 7-nji fewralynda türkmen wekili ýurduň iň abraýly uniwersitetleriniň biri hasaplanylýan Hindistanyň Ylym we tehnologiýalar institutynda geçirilen halkara seminarda hem çykyş etdi. Türkmenistanly mugallymyň çykyşy Türkmenistanyň bilim ulgamynda girizilen täzeçiliklere bagyşlandy. Kömek Kömekow Hindistanyň Ylym we tehnologiýalar institutynyň adyndan şahadatnama we sowgat bilen sylaglandy.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2023-nji ýyldan bäri Hindistan Respublikasynyň tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (ITEC) hyzmatdaşy bolup durýar. Şol döwrüň içinde Türkmenistanyň bu ýokary okuw mekdebiniň 5 sany mugallymy hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026
Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

Infrastrukturadan IT hyzmatdaşlygyna: türkmen-hytaý energetika gatnaşyklarynyň ösüşi

18:00 Oktýabr 23, 2026
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kino we saz dünyäsine bagyşlanan bäsleşik geçirildi

15:24 Oktýabr 23, 2026