HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň Moskwadaky Maglumat merkezi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly çärelere goşular

Fewral 10, 2025 | 23:25 |7509
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guramagynda BMG-niň Moskwadaky Maglumat merkeziniň direktory we BMG-niň Russiýadaky ýurt toparynyň başlygy Wladimir Kuznesow bilen duşuşyk geçirildiRussiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guramagynda BMG-niň Moskwadaky Maglumat merkeziniň direktory we BMG-niň Russiýadaky ýurt toparynyň başlygy Wladimir Kuznesow bilen duşuşyk geçirildi
Çeşme: russia.tmembassy.gov.tm

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guramagynda BMG-niň Moskwadaky Maglumat merkeziniň direktory we BMG-niň Russiýadaky ýurt toparynyň başlygy Wladimir Kuznesow bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma bildirdiler. Bu başlangyjyň amala aşyrylmagy üçin Türkmenistanyň ilçihanasy degişli meýilnama taýýarlady we bu işde BMG-niň Maglumat merkezi möhüm orun eýelär.

Duşuşykda, hususan-da, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň 80 ýyllygy bilen baglanyşykly çäreleriň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şol çäkde, parahatçylyk, bitaraplyk we durnukly ösüş düşünjelerini wagyz etmek maksady bilen, maslahatlaryň, tegelek stollaryň we sergileriň guralmagy meýilleşdirildi. Bu barada Türkmenistanyň Moskwadaky diplomatik wekiliýeti habar berdi.

10022025-informcentr-oon-v-moskve (2).jpg

BMG-niň Maglumat merkeziniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik boýunça başlangyçlarynyň möhümdigini belläp, BMG-niň Russiýadaky edaralarynyň ilçihanany goldamaga we durnukly ösüş hem-de parahatçylykly, gülläp ösýän dünýä döretmek ugrunda bilelikde işleşmäge taýýardygyny aýtdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026