HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Žanaozen-Türkmenistan serhedi” ýoly tutuşlygyna abatlandyrylar

Fewral 05, 2025 | 14:45 |6867
Gazagystanda awtomobil ýollarynyň, şol sanda “Žanaozen-Türkmenistan serhedi” böleginiň gerimli abatlaýyş işleri geçiriler. Bu barada hökümet mejlisinde Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýew habar berdi.Gazagystanda awtomobil ýollarynyň, şol sanda “Žanaozen-Türkmenistan serhedi” böleginiň gerimli abatlaýyş işleri geçiriler. Bu barada hökümet mejlisinde Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýew habar berdi.
Çeşme: NewTimes.kz

Gazagystanda awtomobil ýollarynyň, şol sanda “Žanaozen-Türkmenistan serhedi” böleginiň gerimli abatlaýyş işleri geçiriler. Bu barada hökümet mejlisinde Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýew habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, 2025-nji ýylda ýurtda 13 müň km ýollaryň abatlandyrylmagy meýilleşdirilýär, olaryň 9,5 müň km eýýäm maliýeleşdirme bilen üpjün edilendir.

Galan bölekleriň maliýeleşdirmek meselesi entek işlenilýär. Gazagystanyň Prezidentiniň tabşyrygynyň çäginde 2029-njy ýyla çenli 3 müň km ýollaryň durkunyň täzelenmegi göz öňünde tutulyp, olar birinji we ikinji toparçalara geçiriler. Munuň özi ulag infrastrukturasynyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredip, ykdysadyýetiň ösmegine itergi berer.

30-50 ýylyň dowamynda abatlandyrylmadyk ileri tutulýan desgalaryň arasynda Petropalowsk-Žezkazgan (703 km), Kandyagaş-Şalkar (246 km), Karaganda-Aýagoz-Bugaz (452 km), şeýle hem tutuşlygyna täzelenjek “Žanaozen-Türkmenistan serhedi” bölegi bar.

Bu ugruň durkunyň täzelenmegi Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynda aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi ulag gatnawlarynyň gowulandyrylmagy ýurtlaryň arasyndaky söwda we logistika üçin täze mümkinçilikleri döreder.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026