HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanda 100-e golaý türkmen maýaly kompaniýalar işleýär

Fewral 04, 2025 | 17:00 |6368
Gazagystan Respublikasynyñ daşary işler ministri, premýer-ministriñ orunbasary Murat Nurtleu Gazagystan bilen Türkmenistanyñ üstaşyr babatda bilelikdäki möhüm taslamalary barada aýtdy diýip, Kazinform habar berýär.Gazagystan Respublikasynyñ daşary işler ministri, premýer-ministriñ orunbasary Murat Nurtleu Gazagystan bilen Türkmenistanyñ üstaşyr babatda bilelikdäki möhüm taslamalary barada aýtdy diýip, Kazinform habar berýär.
Çeşme: Kazinform

Gazagystan Respublikasynyñ daşary işler ministri, premýer-ministriñ orunbasary Murat Nurtleu Gazagystan bilen Türkmenistanyñ üstaşyr babatda bilelikdäki möhüm taslamalary barada aýtdy diýip, Kazinform habar berýär.

Gazagystanda türkmen maýasynyñ gatnaşmagynda 100-e golaý kompaniýalar işleýär. Gatnaşyklarymyzyñ ýene bir möhüm bölegi bolan üstaşyr-ulag aragatnaşyklara aýratyn üns berýäris. Bu babatda strategiki hyzmatdaşlygyñ ýola goýlandygyny hoşallyk bilen bellemek bolar - diýip, Tütkmenistanyñ daşary işler ministri, Ministrler Kabinetiniñ başlygynyñ orunbasary Raşid Meredow bilen geçirilen gepleşikleriniñ netijeleri boýunça metbugat üçin bilelikdäki beýannamada Murat Nurtleu belläp geçdi.

Onuñ aýtmagyna görä, "Aziýa-Ýewropa", "Aziýa-Ýakyn Gündogar" ugurlarynyñ içerki bazarlaryny birleşdirýän ýollaryñ ösdürilmegi döwletlerimiziñ halkara bileleşigindäki orunlaryny pugtalandyryp biler.

Munuñ bilen birlikde, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyñ artykmaçlyklarynyñ netijeli ulanylşy möhüm strategiki ädimleriñ biri bolar. Şu günki gün Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyñ geljegi uly bolup, onuñ ösdürilmegi özara bähbitli bolup durýar hem-de halkara söwdasyna täze itergi berýär.

Gazagystanyñ, Türkmenistanyñ we Russiýanyñ demir ýol guramalarynyñ üçtaraplaýyn özara gatnaşygyny giñeltmek boýunça bähbitlerimiziñ birikýän ýene bir transyklym başlangyjy Demirgazyk-Gündogar geçelgesiniñ çäginde amala aşyrylýar. Bu jähtleriñ ählisini biz şu ýyl geçiriljek üstaşyr we logistika baradaky iş toparynyñ nobatdaky mejlisinde ara alyp maslahatlaşarys" - diýip, Gazagystanyñ DIM-niñ ýolbaşçysy belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026
Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

Si Szinpin: «Ýakyn Gündogaryň halklary öz işleriniň hojaýyny bolmalydyr»

19:00 Sentýabr 03, 2026
Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

Weýrançylykly suw joşmalaryndan we süýşgünlerden soň Nepala halkara kömegi iberilýär

17:00 Sentýabr 03, 2026