HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

RF-niň Goranmak ministrligi: Sewastopolyň azat edilmeginde türkmen atyjy brigadasy möhüm orny eýeledi

Fewral 01, 2025 | 05:05 |16530
Sewastopolyň azat edilmeginde 87-nji aýratyn türkmen atyjy brigadasy möhüm orny eýeledi. Bu barada SSSR-iň soýuz respublikalarynyň esgerleriniň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişe goşan goşandy barada gürrüň berýän, RF-niň Goranmak ministrliginiň Merkezi arhiwiniň gaznalaryndan mälim edilen gizlin resminamalarda beýan edilýär diýip, TASS habar berýärSewastopolyň azat edilmeginde 87-nji aýratyn türkmen atyjy brigadasy möhüm orny eýeledi. Bu barada SSSR-iň soýuz respublikalarynyň esgerleriniň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişe goşan goşandy barada gürrüň berýän, RF-niň Goranmak ministrliginiň Merkezi arhiwiniň gaznalaryndan mälim edilen gizlin resminamalarda beýan edilýär diýip, TASS habar berýär
Çeşme: wikimapia.org

Sewastopolyň azat edilmeginde 87-nji aýratyn türkmen atyjy brigadasy möhüm orny eýeledi. Bu barada SSSR-iň soýuz respublikalarynyň esgerleriniň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişe goşan goşandy barada gürrüň berýän, RF-niň Goranmak ministrliginiň Merkezi arhiwiniň gaznalaryndan mälim edilen gizlin resminamalarda beýan edilýär diýip, TASS habar berýär.

Respublikanyň frondan uzakda ýerleşýändigine garamazdan, Türkmenistan SSR-iň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gazanma ähmiýetli goşant goşandygy ministrligiň resminamalarynda nygtalýar. Türkmenistanyň 300 müňden gowrak ýaşaýjysy Gyzyl goşuna çagyryldy. Urşuň ähli ugurlarynda söweşdiler ýagny Moskwany goramak, Stalingrad söweşi, Kawkaz söweşi we Berline aýgytly hüjüm etmek ýaly möhüm söweşlere gatnaşdylar.

Arhiw resminamalarynda 1941-nji ýylda döredilen 87-nji aýratyn türkmen atyjy brigadasynyň söweş ýoly barada aýdylýar. Bu toparyň söweşijileri batyrlygy we kyn ýerlerde netijeli başarnyklary bilen tanalýardy. Brigada nemes goşunlarynyň gazaply garşylygyna sezewar bolan Sewastopolyň azat edilmeginde möhüm wezipäni eýeledi.

TASS-da ýerleşdirilen maglumatlarda, 87-nji aýratyn türkmen atyjy brigadasynyň aýratyn atyjy rotasynyň bölümçe serkerdesi, Sowet Soýuzynyň Gahrymany Aýdogdy Tahyrowyň edermenligine aýratyn üns berilýär.

87-nji aýratyn atyjy brigadasynyň söweşijisiniň baýrak sahypasynda uly seržant Aýgoda Tahyrow: “Güýçli minomýotdan ot açyşdan soň faşistler bölümimiziň çäginde hüjüme başladylar. Söweşjeň garawula serhoş faşistleriň topary hüjüm etdi. Ýoldaş Tahyrow duşmanyň san taýdan aşa artykmaçlygyna garamazdan batyrgaýlyk bilen söweşe girdi. Söweşjeň garawul ýekeje ädim hem yza ätmän faşistlere ot açdylar. Tizara üç söweşiji wepat bolýar we uly seržant Tahyrow köp sanly duşmana garşy ýeke galdy. Ol duşmanyň öňe süýşmegine mümkinçilik bermän we alan ýaralaryna üns bermän, ot açmagyny dowam etdirdi. <…> El söweşi başlandy. Ýene birnäçe ýerinden agyr ýaralanan Tahyrow nemesler tarapyndan huşsuz ýagdaýda öz garymyna äkidildi. Bu deňsiz söweşde ýoldaş Tahyrow 47 duşmanyň esgerlerini ýok etdi” – bu barada Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen adynyň sylaglanyş resminamasynda aýdylýar.

Aýdogdy Tahyrowyň 1943-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda aradan çykanyndan bäri 82 ýyl geçdi...

... 1943-nji ýylda rus sowet şahyry we harby korrespondent Mihail Matusowskiý türkmen diline terjime edilen we Türkmenistanda aýratyn kitap hökmünde neşir edilen “Aýdogdy Tahyrow we onuň dosty Sawuşkin” atly poemasyny ýazdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

Wýetnama girmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan indi hökmany ýagdaýda QR-belgi talap edilýär

23:25 Iýun 23, 2026
e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynda jemagat tölegleriň ähli görnüşlerini onlaýn tölemek mümkinçiligi elýeterlidir

23:21 Iýun 23, 2026
SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

SKY-TRUCK uçarmansyz uçary çöl şertlerinde synagdan geçirilmäge taýýarlanýar

16:41 Iýun 23, 2026