HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan hem-de Peace and Sport hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada maslahatlaşdylar

Ýanwar 30, 2025 | 11:45 |5796
Taraplar hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny, şol sanda 2025-nji ýylda Peace and Sport guramasynyň çärelerine Türkmenistanyň gatnaşmagyny, şeýle hem Türkmenistanda Peace and Sport halkara forumynyň geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.Taraplar hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny, şol sanda 2025-nji ýylda Peace and Sport guramasynyň çärelerine Türkmenistanyň gatnaşmagyny, şeýle hem Türkmenistanda Peace and Sport halkara forumynyň geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: Fransiýadaky Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan berildi

28-nji ýanwarda Fransiýadaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýewiň Peace and Sport Halkara guramasynyň Prezidenti, Monako Şazadasy Alber II geňeşçisi Žoel Buzu bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk 2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna amala aşyran saparynyň dowamynda ýetilen möhüm ylalaşyklarynyň dowamy boldy.

Taraplar hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny, şol sanda 2025-nji ýylda Peace and Sport guramasynyň çärelerine Türkmenistanyň gatnaşmagyny, şeýle hem Türkmenistanda Peace and Sport halkara forumynyň geçirilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýörelgelerine laýyk gelýän hem-de halkara bileleşigi we Monako Knýazlygy tarapyndan uly hormat bildirilýän Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine aýratyn üns berildi.

Taraplar sport arkaly parahatçylygy öňe sürmekde, halkara özara düşünişmegi pugtalandyrmakda hem-de bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Türkmenistan halkara işlerine işjeň gatnaşyjysy hökmünde, parahatçylygy, ynanyşmagy we sazlaşykly ösüşi pugtalandyrmakda öz goşandyny goşmaga dowam eder.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy Astrahan oblastynyň mekdebinde açyk sapak geçirdi

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy Astrahan oblastynyň mekdebinde açyk sapak geçirdi

17:34 Sentýabr 06, 2026
Stambuldaky Rami kitaphanasy dünýäniň iň gowy «ýaşyl» kitaphanasy diýlip ykrar edildi

Stambuldaky Rami kitaphanasy dünýäniň iň gowy «ýaşyl» kitaphanasy diýlip ykrar edildi

17:20 Sentýabr 06, 2026