HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Monako diplomatiýa, medeniýet we ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Ýanwar 30, 2025 | 09:25 |6846
29-njy ýanwarda Monako Knýazlygyň hökümet binasynda Fransiýadaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Çaryýew bilen Monakonyň Daşary aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk ministrliginiň Diplomatik we konsullyk gatnaşyklar departamentiniň direktory Mari-Katrin Karuzo-Raweranyň duşuşygy geçirildi.29-njy ýanwarda Monako Knýazlygyň hökümet binasynda Fransiýadaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Çaryýew bilen Monakonyň Daşary aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk ministrliginiň Diplomatik we konsullyk gatnaşyklar departamentiniň direktory Mari-Katrin Karuzo-Raweranyň duşuşygy geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy

29-njy ýanwarda Monako Knýazlygyň hökümet binasynda Fransiýadaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Çaryýew bilen Monakonyň Daşary aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk ministrliginiň Diplomatik we konsullyk gatnaşyklar departamentiniň direktory Mari-Katrin Karuzo-Raweranyň duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, dürli pudaklar boýunça özara gatnaşyklary pugtalanrdymaga aýratyn üns berdiler.

Knýazlygyň wekilleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako amala aşyran saparynyň wajyplygyny aýratyn nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşan goşandy barada belläp geçdiler. Monte-Karlonyň 47-nji Halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagy maslahatlaşmalaryň aýratyn mowzugy boldy. Bu waka Monakonyň medeni durmuşynyň ajaýyp pursatlarynyň biri bolup, giň seslenmä eýe boldy.

1 посольство Туркменистана во Франции.jpg

Duşuşygyň çäklerinde taraplar “Dünýä we Sport” Gaznasy bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada, Gaznanyň geçiriljek çärelerine Türkmenistanyň gatnaşmagy hem-de mümkin bolan bilelikdäki başlangyçlar barada hem maslahatlaşdylar. Bu meseleler boýunça geljekki utgaşdyrma guramanyň jogapkär wekilleri bilen amala aşyryljakdygy barada karara gelindi.

Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adydaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de Şa zenany Greýs we Şazada Alber II gaznalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada maslahatlaşyldy. Iki tarap hem ynsanperwer ugurda, çagalara hemaýat bermek boýunça durmuş maksatnamalary we olara goldaw bermek babatda, şeýle hem anyk başlangyçlar boýunça bilelikdäki işe taýýardyklaryny beýan etdiler.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

Türkiýede ahalteke bedewleriniň sport mümkinçilikleri ösdürilýär

23:15 Sentýabr 30, 2026
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026