HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Samsung ganyň süýji derejesini ölçemek üçin innowasion tehnologiýany işläp taýýarlady

Ýanwar 29, 2025 | 14:35 |5221
Samsung kompaniýasy inwaziw däl, üznüksiz glýukoza monitoring ulgamy (ÜGM) bilen tanyşdyrdy. Bu açyş, göteriji elektronikada "mukaddes Graal" hasaplanýan çözgüt bolup, dünýäde süýji keseline garşy göreşmekde uly ähmiýete eýe bolup biler diýip, bu barada Forbes neşiri habar berýär.Samsung kompaniýasy inwaziw däl, üznüksiz glýukoza monitoring ulgamy (ÜGM) bilen tanyşdyrdy. Bu açyş, göteriji elektronikada "mukaddes Graal" hasaplanýan çözgüt bolup, dünýäde süýji keseline garşy göreşmekde uly ähmiýete eýe bolup biler diýip, bu barada Forbes neşiri habar berýär.
Çeşme: dzen.ru

Samsung kompaniýasy inwaziw däl, üznüksiz glýukoza monitoring ulgamy (ÜGM) bilen tanyşdyrdy. Bu açyş, göteriji elektronikada "mukaddes Graal" hasaplanýan çözgüt bolup, dünýäde süýji keseline garşy göreşmekde uly ähmiýete eýe bolup biler diýip, bu barada Forbes neşiri habar berýär.

Doktor Pak, kompaniýanyň süýji keseliniň irki alamatlaryny çaklamaga mümkinçilik berýän algoritmi hem-de inwaziw däl glýukoza monitoring tehnologiýasyny ösdürýändigini belledi. Şeýle hem bu tehnologiýa ÜGM ulgamy bilen utgaşdyrylan iýmitlenmek boýunça maslahatlary öz içine alýar.

Bar bolan Lingo we Dexcom ýaly ÜGM ulgamlary deriniň aşagyna sensory girizmegi talap edýär. Emma Samsung-yň işläp düzen tehnologiýasy optiki usuly ulanýar, bu bolsa ulanyjylara has amatly we elýeterli bolýar.

Doktor Pak täze ÜGM-niň göteriji elektronika bazarynda "GameChanger" boljakdygyny aýtdy we taslamanyň tiz wagtda tamamlanjakdygyna ynam bildirdi.

Käbir hünärmenleriň pikiriçe, bu täze tehnologiýa eýýäm şu ýyl Galaxy Watch 8-iň düzüminde (awgust 2025) hödürlenip biler. Ýöne onuň Galaxy Watch 9 bilen hem çykarylmagy ähtimal.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026