HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Coca-Cola düzümine hloratyň düşüp bilen içgilerini yzyna gaýtaryp alýar

Ýanwar 29, 2025 | 16:25 |6590
Coca-Cola kompaniýasy Ýewropanyň bazarlaryndan düzüminde hloratyň ýokary görkezijileri bar bolan içgilerini dolulygyna yzyna gaýtaryp alýar. Hlorat – himiki önümi bolup, onuň köp mukdarda bolmagy galkan görnüşli mäzlere ýaramaz täsir edip bilýär.Coca-Cola kompaniýasy Ýewropanyň bazarlaryndan düzüminde hloratyň ýokary görkezijileri bar bolan içgilerini dolulygyna yzyna gaýtaryp alýar. Hlorat – himiki önümi bolup, onuň köp mukdarda bolmagy galkan görnüşli mäzlere ýaramaz täsir edip bilýär.
Çeşme: ru.euronews.com

Coca-Cola kompaniýasy Ýewropanyň bazarlaryndan düzüminde hloratyň ýokary görkezijileri bar bolan içgilerini dolulygyna yzyna gaýtaryp alýar. Hlorat – himiki önümi bolup, onuň köp mukdarda bolmagy galkan görnüşli mäzlere ýaramaz täsir edip bilýär.

Geçen güýzde konserniň Belgiýa, Niderlandlara, Lýuksemburga satuwa iberen koka-kola we beýleki içgileri bolan demir we çüýşe gaplary öndürijiniň üns merkezindedir.

Ýewropa Bileleşiginde iýmit önümleriň düzüminde rugsat berilýän hlorat derjesini kesgitleýän düzgünler hereket edýär. Coca-Cola Europacific Partners wekili Euronews Health bilen söhbetdeşliginde garaşsyz ekseprt seljerişine laýyklykda, “adamlar üçin howpyň ähtimallygy örän pesdir” diýip habar berdi. Häzirki wagtda kompaniýanyň adyna alyjylardan hiç hili şikaýatlar gelmedi.

Hlorat uzak wagtlaýyn ulanyşda howplydyr, sebäbi bedende ýoduň özleşdirilmegine päsgel berýär. Bir gezeklik we gysga möhletleýin ulanyşy saglyga zyýan getirmez diýip, lukmanlar tassyklaýar.

Yzyna gaýtaryp alynmaga degişli bolan içgileriň 328 GE-den 338 GE-e çenli önümçilik kodlary bar. Bu sanlary gazlandyrylan içgili demir gabyň düýbünde ýa-da çüýşe gabyň bokurdagynda tapyp bolar.

Le Monde gazeti Ýewropa komissiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, hloratyň suwuň arassalanmagynda ulanylýan dezinfisirleýän serişdeleriň netijesinde iýmit önümlerine we içgilere düşýändigi barada ýazýar.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026