HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bäsleşikli söwdada Donald Trampyň Ferrari awtoulagy satylýar

Ýanwar 27, 2025 | 15:35 |5634
ABŞ-da Donald Trampa degişli bolan Ferrari F430 Coupe sport awtoulagy bäsleşikli söwdasyna çykaryldy. ABŞ-nyň ozalky prezidenti bu awtoulagy 2007-nji ýylda, ilkinji gezek satuwa çykandan soň, göni satyn aldy. Lot barada maglumatlar Rockstar bäsleşikli söwda öýüniň web sahypasynda ýerleşdirildi.ABŞ-da Donald Trampa degişli bolan Ferrari F430 Coupe sport awtoulagy bäsleşikli söwdasyna çykaryldy. ABŞ-nyň ozalky prezidenti bu awtoulagy 2007-nji ýylda, ilkinji gezek satuwa çykandan soň, göni satyn aldy. Lot barada maglumatlar Rockstar bäsleşikli söwda öýüniň web sahypasynda ýerleşdirildi.
Çeşme: gazeta.ru

ABŞ-da Donald Trampa degişli bolan Ferrari F430 Coupe sport awtoulagy bäsleşikli söwdasyna çykaryldy. ABŞ-nyň ozalky prezidenti bu awtoulagy 2007-nji ýylda, ilkinji gezek satuwa çykandan soň, göni satyn aldy. Lot barada maglumatlar Rockstar bäsleşikli söwda öýüniň web sahypasynda ýerleşdirildi.

27012025Машина_Дональда_Трампа3.jpg

Awtoulagyň öň Trampa degişlidigini tassyklaýan resminamalar we DJT harp belgili nomer bar. DJT harplary Donald John Trump adynyň baş harpydyr. Şeýle-de bolsa, Trampyň bu awtoulagy näçe wagt eýeçilik edendigi anyk belli däl.

27012025Машина_Дональда_Трампа2.jpg

Awtoulagyň ýagdaýy örän gowy. Gyzyl reňkli awtoulagyň, içki bölegi bolsa karbon süýümli bezegi bolan goňur deri bilen bezelen. Sport awtoulagy sagatda 315 km tizlige ýetip bilýär we “ýüzlüge” (0-100 km/s) bary-ýogy 3,9 sekuntda çykýar. Awtoulagyň umumy ýörişi 9395 mil (15 müň km).

Auksion öýi Ferrari F430 Coupe modeliniň bahasyny 1 million dollara deň hasaplaýar.

Onlaýn auksion 16-njy fewraldan 9-njy marta çenli dowam eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026