HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMGÖM we Türkmenistan gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek üçin tagallary birleşdirýär

Ýanwar 22, 2025 | 22:22 |7556
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) “Maliýe bazarlaryny ösdürmek boýunça institusional we kadalaşdyryş gurşawy berkitmäge goldaw” atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde 20–24-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Aşgabat gazna biržasynyň hünärmenleri üçin üç günlük okuw maslahaty geçirildiTürkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) “Maliýe bazarlaryny ösdürmek boýunça institusional we kadalaşdyryş gurşawy berkitmäge goldaw” atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde 20–24-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Aşgabat gazna biržasynyň hünärmenleri üçin üç günlük okuw maslahaty geçirildi
Çeşme: BMGÖM

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) “Maliýe bazarlaryny ösdürmek boýunça institusional we kadalaşdyryş gurşawy berkitmäge goldaw” atly bilelikdäki taslamasynyň çäginde 20–24-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Aşgabat gazna biržasynyň hünärmenleri üçin üç günlük okuw maslahaty geçirildi.

25012025-turkmenistan-cennyh-bumag (3).jpg

“Gymmatly kagyzlar bazarynyň düýp esasy we onuň bazar ykdysadyýetindäki orny”, “Gymmatly kagyzlar bazary kadalaşdyryjy ählumumy arhitekturasynda halkara standartlar we öňdebaryjy tejribe” okuw maslahatyň esasy temalary boldy. Maslahata gatnaşanlar gymmatly kagyzlar bazaryny emele getirmegiň we kadalaşdyryjy ulgamyň ösüşiniň, şol sanda dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky amaly taraplaryny öwrendiler.

Mundan başga-da, BMGÖM-iň halkara we ýerli bilermenleri Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny halkara standartlaryna laýyk getirmek arkaly mundan beýläk ösdürmek üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Aşgabat gazna biržasynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirdiler.

25012025-turkmenistan-cennyh-bumag (4).jpg

Geçirilen çäreler, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň institusional we kadalaşdyryjy mümkinçiligi güýçlendirmek, kanunçylygy kämilleşdirmek, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek meýilnamasyny düzmek we depozitorlary döretmäge taýýarlyk görmek BMGÖM-iň Türkmenistanyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmekde milli hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygynyň başlangyjy boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

Pakistanda kömür känindäki partlama 34 magdançynyň ömrüni kesdi, ýene 8 adam hem harabalygyň astynda

13:22 Awgust 01, 2026
Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

Russiýanyň Hökümeti ýangyjyň eksportyna girizilen doly gadagançylygy 2027-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy

19:30 Iýul 31, 2026
Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy

17:40 Iýul 31, 2026