HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Turkish Airlines täze ugurlar we goşmaça gatnawlar barada habar berdi

Ýanwar 24, 2025 | 20:50 |7746
Dünýäniñ iri awia daşaýjylarynyñ biri bolan Turkish Airlines öz ugur toruny giñeltmegini we gatnawlaryñ sanyny köpeltmegini dowam etdirýär. 2025-nji ýylda ýolagçylar, korporasiýa hyzmatdaşlary hem-de resmi agentler täze ugurlardan we goşmaça gatnawlardan peýdalanyp bilerler.Dünýäniñ iri awia daşaýjylarynyñ biri bolan Turkish Airlines öz ugur toruny giñeltmegini we gatnawlaryñ sanyny köpeltmegini dowam etdirýär. 2025-nji ýylda ýolagçylar, korporasiýa hyzmatdaşlary hem-de resmi agentler täze ugurlardan we goşmaça gatnawlardan peýdalanyp bilerler.
Çeşme: orient.tm

Dünýäniñ iri awia daşaýjylarynyñ biri bolan Turkish Airlines öz ugur toruny giñeltmegini we gatnawlaryñ sanyny köpeltmegini dowam etdirýär. 2025-nji ýylda ýolagçylar, korporasiýa hyzmatdaşlary hem-de resmi agentler täze ugurlardan we goşmaça gatnawlardan peýdalanyp bilerler.

Täze ugurlar

Stambul-Damask-Stambul: gatnawlar 2025-nji ýylyñ 25-nji ýanwarynda başlaýar. Ýygylygy - hepdede 3 gezek.

Stambul-Orhid-Stambul: gatnawlar 2025-nji ýylyñ 30-njy ýanwarynda başlaýar. Ýygylygy - hepdede 4 gezek.

Stambul-Bengazi-Stambul: gatnawlar 2025-nji ýylyñ 14-nji ýanwarynda başlaýar. Ýygylygy - hepdede 3 gezek.

Gatnawlaryñ ýygylygynyñ köpeldilmegi

Stambul-Zagreb-Stambul: 2025-nji ýylyñ 30-njy ýanwaryndan gatnawlaryñ sany hepdede 21 çenli köpeldiler.

Stambul-Hurgada-Stambul: 2025-nji ýylyñ 30-njy ýanwaryndan gatnawlaryñ sany hepdede 10 çenli köpeldiler.

Turkish Airlines öz ulgamyny giñeltmegi dowam edip, syýahatlar üçin has amatly görnüşleri köpeltýär hem-de sebitleriñ arasyndaky aragatnaşygy pugtalandyrýar. Goşmaça maglumatlar awiakompaniýanyñ resmi saýtynda elýeterlidir.

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026