HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

IFT 2025 "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara foruma hasaba alnyş açyldy

Ýanwar 24, 2025 | 17:30 |9577
2025-nji ýylyñ 18-nji martynda Türkmenistanda "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum (IFT 2025) geçiriler. "TMT Consulting Group" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyñ Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi hem-de Söwda-senagat edarasy maslahatyñ guramaçylary hökmünde çykyş eder.2025-nji ýylyñ 18-nji martynda Türkmenistanda "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum (IFT 2025) geçiriler. "TMT Consulting Group" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyñ Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi hem-de Söwda-senagat edarasy maslahatyñ guramaçylary hökmünde çykyş eder.
Çeşme: orient.tm

2025-nji ýylyñ 18-nji martynda Türkmenistanda "Türkmenistanyñ geljegine maýa goýumlar" atly hususy bölege maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum (IFT 2025) geçiriler. "TMT Consulting Group" kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyñ Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi hem-de Söwda-senagat edarasy maslahatyñ guramaçylary hökmünde çykyş eder.

IFT 2025 Türkmenistanyñ hususy böleginiñ maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak hem-de döwlet we hususy bölekleriniñ arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm meýdança bolup durýar. Forum ykdysadyýetiñ dürli pudaklaryny ösdürmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin tanymal maýadarlary, telekeçileri, maliýe edaralarynyñ we döwlet düzümleriniñ wekillerini ýygnar.

Foruma gatnaşyjylara senagat, ulag, oba hojalyk, maglumat tehnologiýalary we beýleki pudaklardaky ileri tutulýan taslamalar bilen tanyşmaga, hususy işewürligi goldamak boýunça çäreleri barada öwrenmäge, halkara we ýerli maýadarlar, maliýe institutlary we işewürligiñ wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga, sebitde işewürligi alyp barmagyñ we maýa goýum etmegiñ iñ gowy dünýä tejribelerine bagyşlanan ekspert maslahatlaşmalaryna gatnaşmaga mümkinçilik berler. Çäräniñ çäklerinde Türkmenistanyñ işewürliginiñ wekilleri mümkin bolan maýadarlara we hyzmatdaşlara öz taslamalaryny hödürlärler.

Hasaba alnyş eýýäm başlady. Guramaçylar gyzyklanma bildirýän taraplary bu möhüm waka gatnaşmaga çagyrýarlar. Forumyñ resmi saýtynda www.ift.com.tm hasaba alnyp bolýar.

Habarlaşmak üçin:

Elektron poçtasy info.tmt.tm

+99312753648,

+99312753644

ORIENT News

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026