HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda howanyň üýtgemegi boýunça konseptual bellikler bilen tanyşdyryldy

Ýanwar 23, 2025 | 10:05 |6622
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy hem-de Ýaşyl Klimat Gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işini ösdürmek” atly taslamanyň çäklerinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly mowzuklar boýunça konseptual bellikler bilen tanyşdyrmak üçin tegelek stol geçirildi.Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy hem-de Ýaşyl Klimat Gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işini ösdürmek” atly taslamanyň çäklerinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly mowzuklar boýunça konseptual bellikler bilen tanyşdyrmak üçin tegelek stol geçirildi.
Çeşme: instagram.com/undp_turkmenistan

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy hem-de Ýaşyl Klimat Gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işini ösdürmek” atly taslamanyň çäklerinde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly mowzuklar boýunça konseptual bellikler bilen tanyşdyrmak üçin tegelek stol geçirildi.

Bu bellikler Ýaşyl Klimat Gaznasyna geçiriler.

Tegelek stoluň işine howanyň üýtgemegi boýunça bilermenler, ösüş boýunça hyzmatdaşlar hem-de dürli pudaklaryň wekilleri gatnaşdy.

Gatnaşyjylar iki konseptual bellikler bilen tanyşdylar. Belliklerde olaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň milli strategiýalaryna hem-de Ýaşyl Klimat Gaznasynyň maýa goýum ugurlaryna laýyk gelşi barada bellenildi. Şeýle-de olarda ileri tutulýan ugurlara, şol sanda klimat hyzmat edişine we uýgunlaşmagyna, howanyň üýtgemeginiň netijelerine ekoulgamlaryň durnuklylygyny ýokarlandyrymak meselelerine hem garaldy.

“Türkmenistanda milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işini ösdürmek” taslamasynyň esasy maksady milli uýgunlaşma işini işläp taýýarlamak arkaly uýgunlaşmakda we durnuklylykda Türkmenistanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmakdan ybarat.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň we Hytaýyň wetosyndan soň Eýrana garşy sanksiýalar boýunça bilermenler toparynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmady

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Russiýanyň we Hytaýyň wetosyndan soň Eýrana garşy sanksiýalar boýunça bilermenler toparynyň ygtyýarlyklaryny uzaltmady

23:30 Sentýabr 18, 2026
Şwesiýadaky saýlawlar: Kristersson wezipesinden çekilýändigini yglan etdi we sosial ulgamlarda beýannama çap etdi

Şwesiýadaky saýlawlar: Kristersson wezipesinden çekilýändigini yglan etdi we sosial ulgamlarda beýannama çap etdi

23:00 Sentýabr 18, 2026
Ýaponiýanyň premýer-ministri esasy ýaranlaryny wezipesinde saklap, LDP-niň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler geçirýär

Ýaponiýanyň premýer-ministri esasy ýaranlaryny wezipesinde saklap, LDP-niň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler geçirýär

22:00 Sentýabr 18, 2026