HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda geçiriljek Halkara XCEL olimpiýadasyna ýazylyşyklar başlady

Ýanwar 19, 2025 | 16:50 |10056
XCEL halkara olimpiýadasy 3-12-nji synp aralygyndaky mekdep okuwçylaryny matematika, aň-bilim ukyby, robot tehnika we sungat ýaly dört ugur boýunça intellektual ýaryşlara gatnaşmaga çagyrýar. Bu öz zehiniňizi açmak, döredijiligi we seljeriş pikirlenmäni görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikdirXCEL halkara olimpiýadasy 3-12-nji synp aralygyndaky mekdep okuwçylaryny matematika, aň-bilim ukyby, robot tehnika we sungat ýaly dört ugur boýunça intellektual ýaryşlara gatnaşmaga çagyrýar. Bu öz zehiniňizi açmak, döredijiligi we seljeriş pikirlenmäni görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir
Çeşme: championat.com

XCEL halkara olimpiýadasy 3-12-nji synp aralygyndaky mekdep okuwçylaryny matematika, aň-bilim ukyby, robot tehnika we sungat ýaly dört ugur boýunça intellektual ýaryşlara gatnaşmaga çagyrýar. Bu öz zehiniňizi açmak, döredijiligi we seljeriş pikirlenmäni görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

IMG-20241008-WA0000.jpg

Olimpiýadanyň tapgyrlary:

Milli derejedäki tapgyry (Onlaýn): Türkmenistanda 2024-nji ýylyň noýabry – 2025-nji ýylyň ýanwar aýy.

Halkara derejesindäki tapgyry:

ABŞ-da 2025-nji ýylyň iýuny.

Hasaba alynmazdan öňki maslahatlar:

Resmi web sahypasynda sowalnamany tabşyrmazdan ozal, gatnaşyjylar we olaryň ene-atalary Olimpiýadany guraýjylardan tölegsiz esasda maslahat alyp bilerler. Bu size ýaryşyň ähli tapyrlary barada giňişleýin maglumat almaga we taýýarlanmaga kömek eder.

Näme üçin gatnaşmaly?

Her bir gatnaşyjy, saýlanan ugurda ýokary bilim we başarnyklary tassyklaýan, uniwersitete gireninde artykmaçlyk berýän we hünär derejesini ýokarlandyrmaga itergi berýän XCEL-den şahadatnama alar.

Halkara tapgyryň ýeňijileri gymmat bahaly baýraklary we dünýäniň abraýly uniwersitetlerinde talyp hakly tölegsiz bilim almak üçin üçin ajaýyp mümkinçilik alarlar.

Halkara intellektual jemgyýetiniň bir bölegi boluň! Giňişleýin maglumatlar we hasaba alyş xceledu.ai web sahypasynda elýeterlidir.

Deslapky maslahat üçin telefon belgileri:

Matematika, aň-düşünje ukyplary we sungat +99361 097977; +99362 135599

Robot tehnika 14-11-71

E-poçta: xceledu.tm@gmail.com

Instagram sahypasy: @ xceledu.tm

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Türkmenistan bilen Koreýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýärler

14:21 Awgust 29, 2026
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrýar

07:13 Awgust 29, 2026
1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

1-nji sentýabrda Türkmenistanda täze ýokary okuw jaýlary we orta mekdepler açylar

07:08 Awgust 29, 2026