HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Mejlisinde Özbegistan Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Ýanwar 18, 2025 | 13:57 |6814
2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýagözel Gulmanowa bilen Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýagözel Gulmanowa bilen Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: mejlis.gov.tm

2025-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýagözel Gulmanowa bilen Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň Başlygy ilçini bu ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa goňşy ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmek boýunça alyp barjak işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşykda ilçi ýurduň içerki we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi we dürli ugurlarda giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk taýdan üpjün edilmegi ugrunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Ýurduň sebitleýin we dünýä derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we gülläp ösüşiň esaslaryny berkitmek boýunça başlangyçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar pikir alyşdylar we abraýly halkara guramalarynyň we olaryň düzümleýin edaralarynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklaryň halkara derejesinde ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdi

05:38 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde emeli aň boýunça maslahat geçiriler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde emeli aň boýunça maslahat geçiriler

05:29 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanly mugallymlar Ýaponiýada okuw we ylmy barlaglary geçirerler

Türkmenistanly mugallymlar Ýaponiýada okuw we ylmy barlaglary geçirerler

05:16 Sentýabr 26, 2026