HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA-da 2028-nji ýyl durmuş ösüşiniň we ýaşaýyş hiliniň ýyly bolar

Ýanwar 17, 2025 | 10:05 |6760
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) 2028-nji ýyly durmuş ösüşiniň we ýaşaýyş hiliniň ýyly diýip yglan etmek teklip edildi.Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) 2028-nji ýyly durmuş ösüşiniň we ýaşaýyş hiliniň ýyly diýip yglan etmek teklip edildi.
Çeşme: belta.by

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) 2028-nji ýyly durmuş ösüşiniň we ýaşaýyş hiliniň ýyly diýip yglan etmek teklip edildi.

Bu başlangyç gyrgyz tarapyndan öňe sürlüp, 2025-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Minskde geçirilen Bilermenler toparynyň mejlisinde goldaw tapdy.

Mejlise GDA gatnaşyjy-ýurtlar, şol sanda Belarus, Azerbaýjan, Ermenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan gatnaşdy. Bilermenler ýurtlaryň tekliplerini ara alyp maslahatlaşyp, garalmaga ýollanan resminamalaryň taslamalary barada ylalaşdylar. Bu başlangyjyň esasy maksady durmuş ulgamy boýunça GDA döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekden, raýatlaryň ýaşaýyşlarynyň hilini ýokarlandyrmakdan hem-de durmuş-demografiýa mümkinçiliklerini ösdümekden ybaratdyr.

2028-nji ýylyň dowamynda durnukly durmuş ösüşine, şol sanda durmuş-zähmet ulgamynda resminamalaryň kämilleşdirilmegine, durmuş dialogynyň giňeldilmegine hem-de halkara forumlaryň geçirilmegine gönükdirilen birnäçe çäreleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär. 2028-nji ýyly Durmuş ösüşiniň we ýaşaýyş hiliniň ýyly diýip yglan etmek baradaky karar GDA-nyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşinde kabul ediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026