HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Hytaý ählitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler

Ýanwar 15, 2025 | 20:55 |6588
15-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler Ministriniň kömekçisi Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi15-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler Ministriniň kömekçisi Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: www.mfa.gov.tm

15-nji ýanwarda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler Ministriniň kömekçisi Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar hemmetaraplaýyn strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan netijeli ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garadylar.

Iki döwletiň baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmagyň hem-de dostlugyň ýokary derejesi döwletara gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär. Türkmenistan bilen Hytaý halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.

“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatyndaky döwletara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, parlamentleriň we partiýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär, sebitleriň arasyndaky gatnaşyklar hem täze netijeli badalga gazandy. Diplomatlar söwda-ykdysady ugurda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny bellediler, energetika, ulag-aragatnaşyk arabaglanyşygy we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň gidişini seljerdiler.

Taraplar iki dostlukly ýurtlaryň we halklaryň milli bähbitlerine we ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi duýgur harytlaryň we serişdeleriň üstaşyr geçirilmegine gözegçiligi güýçlendirýärler

13:15 Awgust 16, 2026
Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

Gümrük işgärleri Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça Orta geçelgäniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça türgenleşik geçirdiler

13:05 Awgust 16, 2026
Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

13:02 Awgust 16, 2026