Belgiýada Türkmenistanyň sesi: Häzirki zaman dünýäde bitaraplygyň ähmiýeti


Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasynyň hyzmatdaşy - Belgiýanyň “Diplomatic World” institutynyň agzasy we Merkezi Aziýanyň taryhy we geografiýasy boýunça ýöriteleşen daşky gurşaw meseleleri boýunça garaşsyz bilermen Derýa Soýsal “Gold FM” radiosynda çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti, onuň halkara giňişlikde parahatçylygy berkitmek ugrundaky goşandy we ýurduň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny yglan etmek başlangyjy barada gürrüň berdi.
Derýa, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bir agyzdan kabul edilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň taryhy mazmunyna aýratyn ähmiýet berdi. Bitaraplyk ýörelgesi, milli bitewiligi berkitmäge we beýleki döwletler bilen diplomatik we ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edip, ýurduň syýasy medeniýetiniň esasy bölegine öwrülendigini şeýle hem 1990-njy ýyllarda Türkmenistanyň sebitdäki gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen çözmäge üstünlikli gatnaşdygyny belledi.

Şeýle hem bilermen, Türkmenistanyň halkara derejesinde ykrar edilmegine ünsi çekdi, esasanam BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurduň bitaraplyk syýasatyny, onuň halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky möhüm goşandyny we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde gazanan üstünliklerine ýokary baha berip aýdan sözlerine ünsi çekdi. Çykyşynyň ahyrynda Derýa, BMG tarapyndan resmi taýdan goldanýan Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatynyň sebitde we bütin dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin möhüm gural bolup galýandygyny nygtady.
Brýusselde ýerleşýän “Gold FM” radioýaýlymy 106.1 MHz FM ýygylykda ýaýlyma berilýär. Radio ýaýlym türk we fransuz dilli tomaşaçylar üçin niýeýlenip, pop we halk aýdym-sazlaryndan başlap täzeliklere we gepleşiklere çenli dürli görnüşli mazmunlary hödürleýär. 2005-nji ýylyň 5-nji maýynda esaslandyrlan bu radio ýaýlym Belgiýanyň ýerli jemgyýetiniň durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi.
ORIENT








