HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Lenovo çekip çykarylýan ekranly ilkinji noutbugy bilen tanyşdyrdy

Ýanwar 16, 2025 | 13:14 |6095
Halkara alyjylar elektronikasynyň her ýylky sergisinde (CES 2025) Lenovo kompaniýasy ThinkBook Plus Gen 6 täze noutbugyny görkezdi. Ol dünýäde çekip çykarylýan ekranly ilkinji enjam boldy.Halkara alyjylar elektronikasynyň her ýylky sergisinde (CES 2025) Lenovo kompaniýasy ThinkBook Plus Gen 6 täze noutbugyny görkezdi. Ol dünýäde çekip çykarylýan ekranly ilkinji enjam boldy.
Çeşme: techcult.ru

Halkara alyjylar elektronikasynyň her ýylky sergisinde (CES 2025) Lenovo kompaniýasy ThinkBook Plus Gen 6 täze noutbugyny görkezdi. Ol dünýäde çekip çykarylýan ekranly ilkinji enjam boldy.

Täze innowasiýa ulanyjylara ekranyň ölçegini 14 dýuýmden 16,7 dýuýme çenli ulaltmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa kontent bilen işleşmegi we köpwezipeliligiň mümkinçiliklerini ep-esli derejede gowulandyrýar. Esasy ekran OLED-tehnologiýasy binýadynda (organiki yşyk diodlaryň esasyndaky tehnologiýa) taýýarlanyp, 2000 x 1600 piksel giňeldilmeli, täzeleniş ýygylygy 120 Gs deňdir. Bu bolsa şekillendirişiň ýokary hilini we işiň akgynlylygyny üpjün edýär.

Çekip çykarylýan gural klawiaturadaky düwmä basyp ýa-da web-kameradaky el hereketi bilen işläp başlaýar. Kompaniýa 30 müň açylyp-ýapylyş hereketlerine niýetlenen guralyň ygtybarlygyny kepillendirýär.

Noutbuk Intel Core Ultra 7 Series 2 kuwwatly prosesor bilen enjamlaşdyrylan, 32 Gb operatiw ýada we möçberi 1 Tb bolan SSD-ýygnaýja eýedir.

ThinkBook Plus Gen 6 has uly iş giňişligini talap edýän işewürler we döredijilik hünärmenler üçin gyzykly çözgüt bolar. Ol 2025-nji ýylyň birinji çärýeginden satuwa çykarylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026