HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Düýbünden-täze: Hyundai Palisade resmi taýdan tanyşdyryldy

Ýanwar 16, 2025 | 09:52 |7000
15-nji ýanwarda Günorta Koreýada Hyundai Palisade ulagynyň doly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi we bölek satuwlary başlady15-nji ýanwarda Günorta Koreýada Hyundai Palisade ulagynyň doly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi we bölek satuwlary başlady
Çeşme: ixbt.com

15-nji ýanwarda Günorta Koreýada Hyundai Palisade ulagynyň doly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi we bölek satuwlary başlady.

Täze model 281 at güýjüni öndürýän 2,5 litrlik turbobenzinli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Mundan başga-da, gibrid energiýa ulgamy hödürlenýär, ol hem 2,5 litrlik hereketlendirijiniň esasynda işlenip taýýarlanylyp, 334 at güýjüni öndürýär. Gibrid 65 kWt/s akkumulýator bilen üpjün edilip, bir zarýad bilen 1000 kilometrden gowrak ýol geçmäge ukyply.

16012025_Hyundai_palisade2.jpg

Ilki bilen, adaty benzinli hereketlendirijili görnüşi satuwa çykarylar, gibrid modeli bolsa şu ýylyň ikinji çärýeginde elýeterli bolar. Benzinli görnüşiniň başlangyç bahasy 30 müň dollardan 39 müň dollara çenli, gibrid modeli bolsa 34 müň dollardan 43,4 müň dollara çenli bahalanýar. Hyundai Palisade-iň häsiýetnamalary, kuwwatlylygy we bahasy ony meşhur modele öwürmäge taýýar edýär. Munuň subutnamasy hökmünde satuwa çykarylan ilkinji gününiň dowamynda ulag üçin 33 müň sargyt alnanlygyny bellemek bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026