HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan oba hojalyk ekinleriň ýagdaýynyň monitoring ulgamyny kämilleşdirmek üçin uzak aralykdan zond arkaly barlamak tehnologiýasyny ornaşdyrýar

Ýanwar 15, 2025 | 15:25 |7254
Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) ýerden peýdalanmak we uzak aralykdan zond arkaly barlamak monitoring ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmak maksady bilen hyzmatdaşlyga başladylar. Şeýle çemeleşme hem milli, hem fermer hojalyklaryň derejesinde döwrebäp we netijeli çözgütleri kabul etmekde ýardam berýär.Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) ýerden peýdalanmak we uzak aralykdan zond arkaly barlamak monitoring ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmak maksady bilen hyzmatdaşlyga başladylar. Şeýle çemeleşme hem milli, hem fermer hojalyklaryň derejesinde döwrebäp we netijeli çözgütleri kabul etmekde ýardam berýär.
Çeşme: fao.org

Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) ýerden peýdalanmak we uzak aralykdan zond arkaly barlamak monitoring ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmak maksady bilen hyzmatdaşlyga başladylar. Şeýle çemeleşme hem milli, hem fermer hojalyklaryň derejesinde döwrebäp we netijeli çözgütleri kabul etmekde ýardam berýär.

Oba hojalyk ekinleriň ýagdaýynyň monitoringi, çaklaýyş we statistiki hasabat bilen baglanyşykly işleriň ösdürilmegi we täzeden taslamalaşdyrylmagy, şeýle hem ýakynda işläp taýýarlanylan işleriň meýdan barlaglary FAO guramasynyň Tehniki hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan taslamanyň bir bölegi bolar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi 2026-njy ýylyň ahyryna çenli dowam eder.

2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda taslamany durmuşa geçirmek baradaky resminama FAO guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary hem-de Ýewropada we Merkezi Aziýada sebit wekili Wiorel Gusu bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýew gol çekdiler.

“Uzak aralykdan zond arkaly barlamak maglumatlary ýygnamagyň we seljermegiň innowasion usullaryny hödürläp, olar oba hojalykda, suw serişdelerini dolandyrmakda, tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmekde we beýleki ugurlarda peýdaly bolup biler. Oba hojalyk pudagynda ol ekilen meýdanlar, ösümlikleriň ösüş depgini hem-de çaklanylýan hasyl, suw ýetmezçiligi we suwaryş işlerini meýilnamalaşdyrmak, ýa-da hatda zyýan berijiler we ösümliklere zyýan ýetendigi baradaky alynýan maglumatlaryň hakyky wagt tertibinde netijeli çeşme bolup biler” – diýip, FAO taslamasynyň esasy tehniki hünärmeni Maksim Gorgan belledi.

Ilki bilen, bar bolan oba hojalyk ekinleriň ýagdaýynyň monitringi we uzak aralykdan zond arkaly barlamak bilen balgy kadalaşdyryjy namalaryň we institusional binýadynyň seljerilmegi geçiriler, şeýle hem üýtgetmeleri girizmek we kämilleşdirmek boýunça maslahatlar hödürleniler. Oba hojalyk ekinleriň ýagdaýynyň monitoringiniň täze usulyýeti öňdebaryjy tehnologiýalary we adaty statistiki çemeleşmeleri, nusgalaryň alynmagyny we maglumatlaryň ýygnanmagyny öz içine alar.

Şeýle-de FAO ministrligiň we ýer serişdeler gullugynyň degişli işgärlerine uzak aralykdan zond arkaly barlamak esasynda oba hojalyk ekinleriň ýagdaýynyň monitoring ulgamynyň täze usulyýetini we iş ýörelgesini öwretmek üçin ýöriteleşdirilen maksatnamany işläp taýýarlar we geçirer. Mundan başga-da, uzak aralykdan zond arkaly barlamak mowzugynyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamasyna girizmek mümkinçilikleri öwreniler.
Taslama dürli oba hojalyk ekinleriň ekilen we dürli toprak-howa şertleri bolan görkezme ýer bölekleriniň döredilmegini hem göz öňünde tutýar. Bu hem uzak aralykdan zond arkaly barlamak tehnologýasyny ulanmak bilen, oba hojalyk ekinleriň ekiş ýagdaýynyň monitoringi boýunça çäreleriň hiline baha bermek üçin geçirilýär. Synag meýdançasynyň usulyýeti anyklamak we çemeleşmäniň gerimliliginiň konsepsiýasyny işläp taýýarlamak üçin gerekli maglumatlary almakda ýardam berjekdigine garaşylýar.

“Fermerler üçin täze tehnologiýa meýdandaky dürli ýer bölekleriň has takyk zerurlyklaryna düşünmäge ýardam berip, olara suwy, dökünleri we beýleki serişdeleri netijeli ulanmaga we has ýokary hasyllygy almaga mümkinçilik berýär” – diýip, Maksim Gorgan belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026