“Redmi Note 14” telefonlarynyň satuwy başlandy


Redmi dünýä bazarynda “Note 14 4G” we “Note 14 Pro 4G” modellerini resmi taýdan satuwa çykardy. Smartfonlar “AMOLED” ekranlary, ýokary kuwwatly batareýalary we “Google Gemini” üçin goldaw aldy diýip, “Gizmochina” çeşmesi ýazýar.
“Redmi Note 14 Pro 4G” 2400x1080 piksel durulykda 6,67 dýuým displeý, täzeleniş tizligi 120Hz we iň ýokary ýagtylygy 1800 nit bilen enjamlaşdyrylan. Enjam “Corning Gorilla Glass Victus 2” aýnasy bilen goralýar.

Smartfon “Helio G100-Ultra” çipine esaslanýar. Aňrybaş komplektasiýasynda smartfon 12 Gb işjeň we 512 Gb içerki ýat bilen üpjün edilýär. Esasy kamera 200 MP sensor, 8 MP ultra giň burçly modul we 2 MP makro linzany öz içine alýar. Akkumulýatorynyň göwrümi 5500 mAh, zarýad beriji enjamy – 45 Wt deň.

Şeýle hem öndüriji enjamy ekranyň aşagyndaky barmak yz skaneri, “Dolby Atmos” bilen ses dinamikasy, Wi-Fi 6 we Bluetooth 5.3, NFC moduly we IP64 standartyna laýyklykda suwdan we tozandan goralýan enjam bilen enjamlaşdyrdy.
“Redmi Note 14 4G”, “Corning Gorilla Glass 5” goragy, “Helio G99-Ultra” çipi we 108 MP, 2 MP (çuňlugy) we 2 MP (makro) kamerasy bilen şuňa meňzeş displeý aldy. Akkumulýatorynyň göwrümi – 5500 mAh, zarýad beriji enjamy – 33 Wt deň.

Redmi Note 14 4G gyrmyzy, ýaşyl, gara we gök reňklerde hödürlenýär. Pro-görnüşi – gara, gök we gyrmyzy reňklerde öndürilýär.
ORIENT news








