HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda “NomadMania” Ählumumy syýahatçylar bileleşiginiň ilkinji duşuşygy geçiriler

Ýanwar 15, 2025 | 13:30 |7228
Duşuşyk diňe bir höwesjeň syýahatçylar üçin däl, eýsem syýahatçylyk agentlikler üçin hem peýdaly bolar. Olar ählumumy bileleşik bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, müşderilerine syýahat üçin täze mümkinçilikleri hödürläp bilerler.Duşuşyk diňe bir höwesjeň syýahatçylar üçin däl, eýsem syýahatçylyk agentlikler üçin hem peýdaly bolar. Olar ählumumy bileleşik bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, müşderilerine syýahat üçin täze mümkinçilikleri hödürläp bilerler.
Çeşme: report.az

28-nji martda Aşgabat şäherinde “NomadMania” Ählumumy syýahatçylar bileleşiginiň agzalarynyň ilkinji duşuşygy geçiriler. NomadMania bu tehnologiki syýahatçylyk platformasy bolup, ulanyjylara syýahatlaryň ugruny kartada düzmek we meýilnamalaşdyrmak üçin giň gurallar ulgamyny hödürleýär. Bileleşik 35 000-den gowrak dünýäni öwrenýän höwesjeň syýahatçylary birleşdirýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar hem-de syýahat etmegi gowy görýänler üçin platformanyň mümkinçilikleri barada maglumatlar taýýarlanylar.

Jikme-jik kartalar: syýahatlary meýilnamalaşdyrmak üçin dünýäniň 1301 sebiti baradaky interaktiw maglumatlar.

Şahsy karta: platforma syýahatlaryň statistikasyny saklap, ýatlamalary düzgünleşdirmäge ýardam berýär.

Jemgyýetçilik özara gatnaşygy: gollanma arkaly pikirdeşler bilen tanyşyp, maslahat alyp we tejribe alyşyp bolýar.

Talyplar üçin talyp haklary: hiç wagt daşary ýurtda bolup görmedikler üçin seýrek mümkinçilik, ýagny dolulygyna maliýeleşdirilýän hyýalyňdaky syýahat etmek mümkinçiligi.

Dalaşgärleri hödürlemek sebit ilçileri tarapyndan amala aşyrylýar.

Bu çäre kime niýetlenen?

Duşuşyk diňe bir höwesjeň syýahatçylar üçin däl, eýsem syýahatçylyk agentlikler üçin hem peýdaly bolar. Olar ählumumy bileleşik bilen hyzmatdaşlygy ýola goýup, müşderilerine syýahat üçin täze mümkinçilikleri hödürläp bilerler.

Çäräniň “NomadMania” Ählumumy syýahatçylar bileleşiginiň Merkezi Aziýa sebitiniň ilçisi Akbäbek Taganowa tarapyndan guralýandygyny bellemeli. NomadMania gollanmasy Google Play-da elýeterlidir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Arkadag şäherinde gurulýan medrese ýokary okuw mekdebiniň derejesine eýe bolar

Arkadag şäherinde gurulýan medrese ýokary okuw mekdebiniň derejesine eýe bolar

23:35 Awgust 14, 2026
Sentýabr aýynda Aşgabatda Startup World Cup 2026 halkara bäsleşiginiň sebit tapgyry geçiriler

Sentýabr aýynda Aşgabatda Startup World Cup 2026 halkara bäsleşiginiň sebit tapgyry geçiriler

23:30 Awgust 14, 2026
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026