HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“Al Sharq” gazetinde Katardaky türkmen ilçisiniň makalasy çap edildi

Ýanwar 15, 2025 | 11:58 |6505
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli  Türkmenistanyň Katar döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow meşhur arap gazetleriniň biri bolan “Al Sharq”-da makalasyny neşir etdi.Türkmenistanda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli  Türkmenistanyň Katar döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow meşhur arap gazetleriniň biri bolan “Al Sharq”-da makalasyny neşir etdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Katar döwletindäki ilçihanasy tarapyndan berildi

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Katar döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow meşhur arap gazetleriniň biri bolan “Al Sharq”-da makalasyny neşir etdi.

Makalada diplomat Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk ýagdaýynyň wajyplygy barada aýratyn belläp geçýär. Bitaraplyk derejesi türkmen halkynyň parahatsöýüjilik syýasatynyň aýdyň nusgasy boldy.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Bu bolsa dünýä bileleşiginiň ýurdumyza bolan ynamynyň aýdyň subutnamasy bolup, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdaky öňdebaryjy abraýyny berkidýär.

Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 12-nji dekabr Halkara bitaraplyk güni diýlip yglan edildi.
Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip we “Dialog – parahatçylygyň kepili” ylmy-filosofiki çemeleşmäniň tarapdary bolup, Türkmenistan halkara gatnaşyklary ösdürmekde, ähliumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde öz möhüm goşandyny goşýar.

2024-nji ýylda Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygyny belledi. Bu şanly sene mynasybetli ýurtda dünýäniň dürli döwletlerinden gelen wekilleriň gatnaşmagynda halkara forum geçirildi. Ilçiniň makalasynda berilýän maglumatlara görä, bu foruma Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Abdulaziz ben Mohammed Al-Horr hem gatnaşdy. Bu bolsa türkmen-katar gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin täze ýollaryň açylýandygyna şaýatlyk edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026