HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Siana Hytaý-Ýewropa ýük daşamalarynyň çäklerinde ilkinji otly geldi

Ýanwar 13, 2025 | 12:58 |4944
Hytaý bilen Ýewropany birleşdirýän ýük otlylar Sian bilen Merkezi Aziýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun tutýarlar.Hytaý bilen Ýewropany birleşdirýän ýük otlylar Sian bilen Merkezi Aziýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun tutýarlar.
Çeşme: russian.news.cn

Hytaý bilen Ýewropany birleşdirýän ýük otlylar Sian bilen Merkezi Aziýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun tutýarlar.

Sinhua agentliginiň habar bermegine görä, Şensi welaýatynda ýerleşýän Sian şäheri halkara ýük daşamalarynyň esasy ulag çatrygy boldy. Muňa mysal edip, Hytaý-Ýewropa halkara demir ýol ýük daşamalarynyň çäklerinde Bahar baýramynyň öňüsyrasynda iberilen 1300 tonnaly ýük otly düzüminiň şähere gelmegini bellemeli.

Düzüm Demirgazyk-Gazagystan welaýatyndaky “Aýszýuý” kompaniýasynyň daşary ýurt önümçilik parkyndan ugradylyp, Hytaý-Ýewropa halkara demir ýol ýük daşamalarynyň çäklerinde 2025-nji ýylda ugradylan ilkinji otly boldy.

Bu Sian-Daşkent ilkinji ýokary tizlikli otlunyň girizilmegini hem alamatlandyrdy.

Hytaý-Ýewropa halkara demir ýol ýük daşamalarynyň çäklerinde Merkezi Aziýa NEV-awtomobilleri, fotoelektrik önümleri, durmuş maksatly tehnika we hytaý önümçiliginiň beýleki harytlary eksport edilýär, şol bir wagtyň özünde Merkezi Aziýadan Hytaýa yzygiderli iýmit önümleri, gazylyp alynýan peýdaly magdanlar we beýleki çig-mal harytlary getirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026