HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hemralar Hazarda “hyýaly” adanyň şeklini surata aldylar

Ýanwar 13, 2025 | 15:45 |8593
NASA degişli Landsat 8 we 9 enjamlary 2022-nji ýylyň noýabryndan 2024-nji ýylyň dekabryna çenli Hazar deňziniň kenarýaka zolaklarynyň birnäçe suratyny aldylar hem-de ol ýerde “hyýaly” adanyň şeklini ýüze çykardylar. Ol Azerbaýjanyň gündogar kenarýakasyndan, takmynan, 25 km uzaklykda ýerleşýär.NASA degişli Landsat 8 we 9 enjamlary 2022-nji ýylyň noýabryndan 2024-nji ýylyň dekabryna çenli Hazar deňziniň kenarýaka zolaklarynyň birnäçe suratyny aldylar hem-de ol ýerde “hyýaly” adanyň şeklini ýüze çykardylar. Ol Azerbaýjanyň gündogar kenarýakasyndan, takmynan, 25 km uzaklykda ýerleşýär.
Çeşme: naked-science.ru

NASA degişli Landsat 8 we 9 enjamlary 2022-nji ýylyň noýabryndan 2024-nji ýylyň dekabryna çenli Hazar deňziniň kenarýaka zolaklarynyň birnäçe suratyny aldylar hem-de ol ýerde “hyýaly” adanyň şeklini ýüze çykardylar. Ol Azerbaýjanyň gündogar kenarýakasyndan, takmynan, 25 km uzaklykda ýerleşýär.

Çigil-deňiz ady bilen tanalýan ada 2023-nji ýylyň başynda Kumani palçyk ýanardagynyň atylyşyndan soňra Hazar deňziniň suwlaryndan peýda boldy. Öňdäki ýylyň ahyryna çenli ol ýumrulyp, gözden ýitdi.

Alymlar birnäçe gezek Kumani ýanardagynyň güýçli atylyşlaryny hasaba aldylar. Olar 1861-nji ýylda bu ýanardagyň ilkinji hasaba alynan atylyşyndan soňra şeýle meňzeş wagtlaýyn adalary döredýärdiler.

Kumaniniň geçen sekiz sany hasaba alnan atylyşlary iki günüň dowamynda serpme ýagdaýda bolup, dürli ölçegli adalary döredýärdiler. Şeýlelikde, 1861-nji ýylyň maý aýynda atylyş bary-ýogy 87 m giňlikde we suw derejesinden 3,5 m beýiklikde adanyň emele gelmegine getirdi. Ol 1862-nji ýylyň başlaryna çenli ýumruldy. Iň güýçli atylyş 1950-nji ýylda bolup geçdi: şol wagt giňligi 700 m we beýikligi 6 m barabar bolan ada emele geldi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026